KALBYMYŇ SÖÝESI WATAN (ÇEPER OÝLANMA)

4 Maý 2023
2393

Men seni bagta deňeýän, eziz Watan!

Watan, seniň depe-düzleriň ýüregimiziň kanagaty, arzuwlarymyzyň ak aty. Arzuwlara püre-pür gursagymda Saňa bolan çäksiz söýgi möwç urýar. Gahryman Arkadagymyzyň ajap başlangyçlarynyň röwşen günlerini ykbalymyza ýar edýän Arkadagly Serdarymyzyň tutumlary tarypa mynasyp, başlangyçlary badalgalydyr. Hut şonuňüçinem, läle reýhanWatanym, at owazaň ösüşli ýurt hökmünde barha we barha uly şöhrata eýe bolýar. Seniň mermer binalaryň Günüň şuglasy bilen bäsleşýär. Owadan binalar ynsanlaryň göterilen bagtynyň alamaty bolup, uzaklardan seleňläp görünýär. Men seni bagta deňeýän, ezizWatan! Çünki her türkmeniň, örkünde duran ajap arzuw—bagtaýetmek diýlen düşünje seň jemalyň bilen bitewüdir, jan Watan!Şonuň üçin, seniňherbirraýatyňbagtadahylly,herbirperzendiňbagtyýardyr. Men Sende doguldym, Sende ösüp kemala geldim, mähriban Watan! Ajap günleriň takdyryma ýardygy üçin,ykbalymdan diýseň minnetdar! Şeýle derejeli ýurduň raýaty bolup dünýä inendigime örän buýsanýaryn. Çünki ynsanWatan bilen diridir,Watan bilen mertebelidir. Aksazaklaryň, guba selinleriň, ojardyr çerkezleriň mekany bolan Garagum sährasynyň ümsümlige utgaşyp gidýän giňgujagynda dünýäniň manysy ýerleşýändir.Ýazylyp ýatan giňiş meýdan,ürgün ürgün çägeler tebigatyň keşdesi ýaly bolup görünse,ýaz gelende dowar sürülerini göwünjeň örä goýberýän çopan çoluklaryň döredýän täsin görnüşleri kalbyň gaýmasy siňen gözellik bolupşuglalanýar. Seniň waspyň şygra,tarypyň kyssa kybapdyr. Şonuň üçinem, sözlerden pikir jemläp, ony hem  esere öwrüp tarypyňy ýetirmek bizdendir, eziz Watan! Men aklygyň säheri bilen örtülen, gözelligiň kuýaşy bilen nurlanan eziz Watanymy bagtymyň  jygasy saýýaryn. Ajap günleri ykbalyna ýazýan, ezizWatan, ösüşleň mundanam batly, owazaňmundanam şöhratly bolsun!

Jeren BÄŞIMOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň okuwçysy.