Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Döwran Şammyýew bilen söhbetdeşlik
Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap derejede ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, daşary ýurt dillerini özleşdirmekleri, häzirki zaman tehnologiýalary, sport, medeniýet we sungat ýaly dürli ugurlarda öz ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, döredijilik zehinini artdyrmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda edilýän tagallalar öz ajaýyp miwelerini hem berýär. Biz muňa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkyny şy döwrüniň batly gadamlaryndan, ösüşli menzillerinden ruhlanyp, saýlap alan hünär ugurlarynda döredijilikli zäh met çekýän we uly üstünlikleri gazanýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyzyň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirýäris. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Döwran Şammyýew hem şeýle ýaşlaryň biri. Şu ýylyň 29 — 31-nji marty günlerinde Koreýa Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde berlen konsertlerde ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlary bilen bir hatarda çykyş eden 22 ýaşyndaky bu zehinli watandaşymyzyň iňlis we koreý dillerinde ýerine ýetiren aýdymlaryny koreýaly tomaşaçylar gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Biz hem «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň okyjylary üçin, ýaş zehinli aýdymçy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Döwran Şammy ýew bilen onuň sungat ýoluna gelşi, döredijilik dünýäsindäki üstünlikleri, pikirgaraýyşlary we geljekki maksatlary hakynda söhbetdeş bolduk.