MILLI OÝUNLAR— TERBIÝE MEKDEBI

4 Maý 2023
874

«Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýlen parasatly jümlä eýerýän ata-babalarymyz ähli döwürlerde-de nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdirler. Ýaş nesli watançylyk, halallyk, agzybirlik, zähmetsöýerlik ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde türkmen milli oýunlarynyň ähmiýeti uludyr. Halkymyzda çaga ýaňy aýak bitip başlan döwründen dürli hereketli oýunlary oýnatmak arkaly milli häsiýetlerimiz esasynda terbiýelenýär. Şeýle asylly häsiýetler nesilden nesle geçip, häzirki wagtdada dowam etdirilip gelinýär. Türkmen maşgalasyna agzybirlik, birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly ýagşy gylyk-häsiýetler mahsusdyr. Halkymyzyň ahlak bilen baglanyşykly kada-kanunlarynyň içinde çaga terbiýesi bilen baglylary aýratyn orny eýeleýär. Maşgalada berlen terbiýäniň esasynda perzent diňe bir ata-enesine däl, eýsem, ulus-ile peýdaly ynsan bolup ýetişýär. Akyldarlarymyz çaganyň terbiýesine ýaşlykdan ähmiýet bermegi ündäpdirler. Ataene öz perzendine terbiýe berende onuň oýnaýan oýunlaryny hem ünsden düşürmeli däldir. Halkymyz çaga oýunlarynyň tälimterbiýe bilen bagly bolmagyny gazanypdyr. Milli oýunlarymyzyň her birinde çagalaryň geljekki durmuşynda peýdaly boljak endikleriň kemala getirilmegine üns berilýändigi hem bu hakykaty tassyklaýar. Çagalaryň oýun oýnamaklary diňe bir wagty gyzykly geçirmek bolman, eýsem, belli maksada gönükdirilen pedagogik çemeleşmedir. «Aýterek Günterek», «Ogar ogar», «Alty çöp», «Guba gazlar», «Ýaglyga towusmak», «Guýruk tutdy», «Ýedi top», «Bukuldym», «Gizlen peçek», «Çilik», «Aşyk» ýaly oýunlar çagalaryň hereket işjeňligini hemde aň-paýhas taýdan ösüşini gazanmaga kömek edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşydöwründe türkmen perzendiniň edep-terbiýesinde milli özboluşlylyk aýdyň duýulýar. Eşretli zamanamyzda ýaş nesillerimize döwrebap bilim we terbiýe bermek iň wajyp wezipeleriň biridir. Bu wezipäniň maksadalaýyk amala aşyrylmagynda gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli terbiýe ulgamymyzyň täsiri uludyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde: «Käteler, hususanda, ýurdumyzda bilim we terbiýeçilik edaralarynyň açylyş dabaralarynda milli oýunlara gümra çagalary görýärin. Olara çensiz guwanýaryn. Sebäbi hem olaryň oýnaýan şol milli oýunlarynyň aňrysynda düýpli tälimterbiýe okuwlarynyň ýatanlygynda» diýip belleýär. Berk bedenli, sagdyn pikirli nesilleri ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýän zamanamyzda bu maksada ýetmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmak bilen birlikde, olarda milli oýunlary oýnamak, beden hereketlerini ýerine ýetirmek, zähmet terbiýesini öwretmek ýaly mümkinçilikler döredilýär. Milli oýunlar oglanlarda mertlik, gaýratlylyk, çydamlylyk ýaly häsiýetleri öwredýän bolsa, gyzlarda mylaýymlygy, edep-ekramlylygy terbiýeleýär. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, milli oýunlar halkymyzyň edepterbiýe we ahlak ýörelgeleriniň özboluşly dünýäsi bolup, zähmetsöýerlik, ugurtapyjylyk, başarjaňlyk ýaly häsiýetleri kemala getirýär. Oýnalýan oýunda utmak ýada utulmak çaganyň duýgusyna täsir edip, ondan erjel, akyllybaşly hereket etmegi talap edýär. Bu bolsa, olarda geljekki durmuşda zerur bolan başarnyklary ösdürmäge ýardam edýär.

Döwlet HEŞDEKOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.