TÄZE DÖWÜR — KÄMIL ÝAŞLAR

8 Fewral 2023
600

Ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişini şöhlelendirýän «Täze döwür — kämil ýaşlar» atly syýasy gepleşik «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy arkaly ýaýlyma berilýär. Gepleşik ýaşlaryň döwletimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyny gazanmakdan, ýaş nesilleri halkymyzyň gadymy ruhy-ahlak däpleriniň, hakyky watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin oňaýly hukuk şertlerini üpjün etmekden ybarat bolup, ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny ep-esli derejede pugtalandyryp, dürli pudakda zähmet çekýän ýaşlaryň durmuşyndan habar berýär hem-de olar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly sargytlaryna eýerip,  ýurdumyzda ýaşlaryň öz okaýan, zähmet çekýän hünärini çuňňur ele almaklygyna, edebiýat we sungat, sport bilen meşgullanmaklaryna çagyrmak, Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegi wagyz etmek gepleşigiň baş maksady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň dowamynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmeginiň ýaşlaryň  taryhynda möhüm waka bolandygyny, täze Kanunyň işlenip taýýarlanylmagynyň döwlet Baştutanymyzyň teklibi esasynda amala aşyrylandygyny bellemek möhümdir. Gepleşikde Watanymyzyň berkararlygyny, onuň hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň abadançylygyny we mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasaty wagyz edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde türkmen ýaşlarynyň buýsanjyny goşalandyrýar.