Internet maglumatlaryna görä, dünýä boýunça ugradylýan poçtalaryň 75 göterimi, telefon jaňlarynyň 60 göterimi iňlis dilinde, 400 milliondan gowrak ýerli ilat iňlis dilinde gürleýär. Iňlis dili Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Täze Zelandiýanyň, Irlandiýanyň, Günorta Amerikanyň resmi dili we Kanadanyň resmi dilleriniň biri. Hindistanyň, Pakistanyň, Singapuryň we beýleki birnäçe ýurduň ikinji dili. Häzirki wagtda ýerli däl iňlis dilinde gürleýänleriň sany 1,5 milliard töweregidir. Munuň özi iňlis diliniň, hakykatdan-da, dünýäde giňden ulanylýan dile öwrülýändigini görkezýär.
Eýsem, näme üçin dünýädäki 1,5 milliard adam iňlis dilinde gürleýärkä? Näme üçin olaryň diňe 25 göterimi ýerli iňlis dilinde gürleýärler? Biz näme üçin iňlis dilini öwrenýäris? Geliň, bular barada gysgaça durup geçeliň: