Çaga ertekileri okamak, kitapdan goşgy okamak, olar bilen beýan edilýän gahrymanlar barada söhbetdeş bolmak köp wagty talap edýän hem bolsa, şeýle hereketler onuň sazlaşykly ösüşi üçin zerurdyr. Çaga gören we eşiden zatlaryny hökman gaýtalaýar. Eserleri ýatda saklap, beýnisini türgenleşdirýär.
Häzirki ösen tehnologiýalar zamanynda kompýuterler, planşetler, ykjam telefonlar adamzadyň durmuşyna barha işjeň aralaşýar. Bu ýagdaý, bir tarapdan, çylşyrymly, uzak wagty talap edýän işleri çalt hem-de aňsat ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär, beýleki bir tarapdan, olaryň kadadan artyk ýa-da nädogry ulanylmagy ilatyň, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy bilen bagly birnäçe meseleleri orta çykarýar.