ZÄHMET — REHNET — BAGT

8 Fewral 2023
618

«Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Şoňa görä-de, Ýaşlar guramasy ýaş nesillerimize zähmet terbiýesini bermekde hem netijeli işleri alyp barmalydyr. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir». Bu gymmatly sözleri hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky taryhy çykyşyndan ýandepderçäme belläpdim...

Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk, hoşniýetlilik, sahylyk, myhmansöýerlik, jepakeşlik, päk niýetlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri durmuş ýörelgesi hökmünde bütin durky bilen kabul eden halkymyzyň dünýä bilen ýaşytdaş naýbaşy häsiýetleriniň biri-de zähmetsöýerlikdir. Hut şonuň üçin türkmen halky çaganyň zähmet terbiýesine aýratyn ähmiýet berýär. Öz oýnaýan oýnawajyny özüne ýygnatmak, desterhana äberiljek naz-nygmatlardan güýjüniň ýetdiginden saçaga getirtmek, eline kiçijek bedre berip, baglara suw daşatmak... ýaly işler her bir türkmen maşgalasynda ösüp kemala gelýän körpe nesilleriň ilkinji zähmet endikleridir.

Umyda KAKAÝEWA,
«Arkadagly Ýaşlar».