''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

HYTAÝ DILI: SÖZÜŇ ŞEKIL BILEN SAZLAŞYGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgerişler sanly we innowasion tehnologiýalara, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine we halkymyzyň milli ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda daşary ýurt dillerini, şeýle hem tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bagtyýar ýaşlarymyza halkara ülňilerine gabat gelýän bilim-terbiýe berilýär. Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek, döwrebap sanly tehnologiýalardan baş çykarmak häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridir. Şol sebäpli hem, ýaşlary ylymly-bilimli, döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmen edip ýetişdirmekde daşary ýurt dillerini öwretmegiň ähmiýeti örän uludyr. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda ýurdumyzyň bilim ulgamynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» iş ýüzünde öz netijeliligini görkezýär. Häzirki wagtda bu Konsepsiýa ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şoňa laýyklykda, 2015-nji ýyldan ýurdumyzyň orta mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda iňlis, rus dilleri bilen bir hatarda hytaý hem-de ýapon dillerini okatmak ýola goýuldy.

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE Ýaş alym derýa gyrmançalarynyň çölleri özleşdirip bilijilik ukybyny ýüze çykardy

Merkezi Aziýanyň iň iri suw akabasy bolan Amyderýa özi bilen her ýyl ýüzlerçe tonna gyrmançany alyp gelýär. Bu gyrmançalar, birinjiden, derýa ýakasynda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi üçin oňyn şertleri döredýän bolsa, ikinjiden, olar derýa ýakasyndaky çöl giňişliklerini özleşdirip, ekerançylyk ýerlerine öwürmekde uly ähmiýete eýedir. Munuň şeýledigini ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Rasul Toýmyradow öz ylmy gözleglerinde subut etdi. Ol bu iş bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýaşlaryň arasynda yglan edilen bäsleşikde şu ýyl birinji ornuň eýesi boldy. Rasul mugallym munuň üçin 2019-njy ýyldan bäri derýanyň ýakasynda ylmy gözleglerini alyp barýar. Ol şol gözlegler üçin Amyderýanyň hanasynyň iň giň ýerleriniň biri bolan Dänew etrabynyň çägini saýlap aldy. Bu çäkde derýanyň giňligi 5 kilometre çenli ýetýär.

SANLY YKDYSADYÝET –ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ KEPILI

Ata Watanymyzyň halk hojalygyny döwrebaplaşdyrmakdan, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ugur alnyp durmuşa geçirilýän köpugurly özgertmeleriň netijesinde binýady berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha berkeýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ulgamlarynda ösüşiň täze belentliklerine galyp, rowaçlygyň täze sepgitlerine ýetýär. Ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» aýdyň beýan edilýän çäreler ýurdumyzyň ykdysady ulgamynda döwrebap özgerişleri amala aşyrmaklyga giň mümkinçilik döredýär. Maksatnamada öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, innowasion häsiýetli täze ykdysady gatnaşyklaryň emele getirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

MEDENI MIRASYŇ HUKUK GORAGLYLYGY

Güneşli Diýarymyz taryhyň dürli heňňamlarynyň, eýýamlarynyň şaýady bolan taryhy-medeni ýadygärliklere örän baýdyr. Ata-babalarymyzyň ýaşap geçen taryhy mekanynyň aýratynlygyny, gymmatly medeni, taryhy we tebigy baýlyklaryny goramak, mukaddes topragy söýmek her bir ynsanyň ömrüne many çaýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli özboluşlylygyny, medeniýetini we taryhy gymmatlyklaryny galkyndyrmak, döwrebap görnüşde ýaýbaňlandyrmak hem-de dowamatyna dowam bermek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda milli medeni mirasymyzy, taryhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek babatda durmuşa geçirilýän işleriň kanunçylyk-hukuk binýady döredilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary asyrlardan gözbaş alýan medeniýetimiziň, milli taryhy-medeni mirasymyzyň, milliliklerimiziň we olary goramagyň, aýap saklamagyň, dünýä ýaýmagyň hukuk binýadyna esas bolýar. Bu Kanunlarymyz döwrüň talabyna laýyklykda,

TALYPLYK ÝYLLARY — ULY MÜMKINÇILIKLERIŇ DÖWRI

On iki ýyl mundan ozal ýokary okuw mekdebinde ilkinji derse başlanymyzda halypa mugallymlarymyzyň: «Uniwersitet — üýtgeşik ýer. Bu ýerde her kim öz maksat-myradyna ýetýär. Ylym-bilime höwesliler adamzadyň asyrlaryň dowamynda toplan gymmatly hazynalaryna eýe bolýar, söwer ýaryny tapmak isleýänler özlerine ömürlik hemra boljak mynasyp ynsana duşýar, ykrar edilmek isleýänler abraý eýesi bolýar... Şonuň üçinem özüňize dörän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanjak boluň!» hem-de «Talyplyk döwründäki bäş ýylyňyz geljegiňiziň elli ýylynyň nähili boljakdygyny kesgitleýär» diýen öwütleri şu günem ýatdan çykanok. Şondan bäri geçen ömrüň bir müçesine barabar döwürde ýokary okuw mekdebini tamamlap, göwün beren kärinde birnäçe ýyl zähmet çekip gelýän hünärmen hökmünde ýene-de şol öwüt-ündewler barada oýlanýarsyň. Bu gün talyp bolmak bagty miýesser eden ýaşlaryň müňlerçesiniň ýokary okuw mekdepleriniň gapysyndan ilkinji gezek ätläp, durmuşyň täze tapgyryna gadam basyşy barada oýlananyňda bolsa bilim-ylym, hünär we tejribe bilen baglanyşykly pikirleriňi paýlaşmak isleýärsiň. Ýaşlaryň aglaba köpüsi talyplyk döwründe diňe bilim-ylyma ähmiýet berip, hünär öwrenmek we geljekki zähmet ýoluny meýilleşdirmek barada okuwyň ahyrky ýylynda pikirlenip boljakdygyna ynanýar. Emma zähmet ýoluňy we durmuş meýilleriňi ýokary okuwy tamamlaýan döwrüňe çenli süýşürmegiň dogry çözgütdigi ikuçlydyr. Sebäbi talyply

TÜRKMENISTANYŇ BILIM ULGAMY – DÖWREBAP ÖSÜŞIŇ KÄMIL NUSGASY

Häzirki wagtda ýurdumyzda täzeçe çemeleşmeler esasynda ýaş nesilleriň dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary derejeli bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda degişli hukuk, maliýe we maddy-tehniki şertleriň tutuş toplumy emele getirildi. Bilim ulgamyny ösdürmäge goýberilýän býujet serişdeleri ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň uly bölegini düzýär. Milli hukuk özgertmeleriniň barşynda bilim kanunçylygynyň binýady berkden tutulýar. Ilkinji nobatda, her bir raýatyň bilim almaga, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine bolan hukuklarynyň konstitusion esasda berkidilendigini bellemek gerek. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi jemgyýetimiziň ykdysady, durmuş we medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilimiň ileri tutulýandygyny kesgitledi.

ARZUWYMYŇ WYSALY

«Ýaradan nesip etmejek zadyny arzuw etdirmez» diýilýär. Şeýle nesipden eýýäm, gör, näçenji gezek paýly bolýaryn. Beýle şowly diňe men däl bolsam gerek. Çünki ezelde ýalkanan, Hakyň halan, halkyň saýlan Howandarynyň başda duran bu berkarar ýurdy haýyrly arzuwlaryň ählisiniň hasyl bolýan ülkesidir. Bagtly çagalaryň ýurdunda bagtyýar nesillerimiz bilen birlikde ählimiz arzyly günleriň ýene birine — täze okuw ýylynyň ilkinji gününe gadam basdyk. Ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlän çagajyklaryň, bu güne sabyrsyzlyk bilen garaşan mekdep okuwçylarynyň, aýratynam, «talyp» adyna eýe bolan bagtly ýaşlaryň joşguny, tolgunmasy olary görenleriň ählisinde ýakymly duýgulary oýarýar.

TÄZE OKUW ÝYLY – TÄZE BAŞLANGYÇLARYŇ BINÝADY

Güneşli Diýarymyzda ýylyň-ýylyna Sentýabr aýynda Bilimler we talyp ýaşlar güniniň uludan bellenilmegi diňe bir täze okuw ýylynyň başlanmagyny alamatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanda bilim ulgamynyň ösüşiň belentliklerine tarap ilerlemegine aýratyn ähmiýetiň berilýändiginiň hem aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, milli ylym-bilim ulgamynda ajaýyp özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda täze okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär, hem-de öňden bar bolanlarynyň durky düýpli täzelenip, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary döwrüň talaplaryna laýyklykda gaýtadan işlenilip, kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge tarap giň gerimli mümkinçilikleriň açylmagy, ýurduň tebigy baýlyklaryny rejeli ulanyp, gaýtadan işleýän kuwwatly senagatyň döredilmegi öz nobatynda täze iş ugurlary boýunça döwrebap ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ökde hünärmenleri talap edýär. Şeýlelikde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda hem täze 2024-2025-nji okuw ýylynda hünärine ezber ykdysatçy hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, täze bakalawr hem-de magistr taýýarlyk ugurlary açyldy. Täze okuw ýylynda institutymyzda bakalawr maksatnamasy boýunça «Ykdysadyýet we dolandyryş» taýýarlyk ugurlary boýunça: ykdysadyýet, ykd

HALKARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEKDE ÝAŞ MEÝLETINÇILERIŇ ORNY

«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bilen, türkmen ýaşlarynyň daşary döwletleriň ýaşlary bilen hyzmatdaşlygy gatnaşyklary has-da ýygjamlaşýar. Türkmenistanyň öňe süren hem-de halkara gatnaşyklarynda parahatçylygyň, dialogyň we ynanyşmagyň medeniýetiniň kemala gelmegine gönükdirilen «Dialog –parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy dünýä bileleşiginde gyzgyn goldaw, giň seslenme tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu başlangyjyny halklaryň arasynda parahatçylygy we ynamy ösdürmegiň, dostlugy berkitmegiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de döwletleriň okgunly ösüşine ýardam bermegiň hatyrasyna mundan beýläk-de iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak türkmenistanly ýaşlar üçin uly derejedir, abraýdyr, hormatdyr.

ULY JEMAGATLAR, ULY GEŇEŞLER

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň arzuwlan berkarar döwletiniň sarsmaz binýatlarynyň berkdiginiň nyşany bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine uly taýýarlyk görülýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýäde dabaralanýan ýylynda geçiriljek döwletli maslahat milli ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygynyň, akyldar şahyryň pähim-paýhas — pelsepe mekdebiniň täzeden galkynýandygynyň nyşany bolar. Türkmenleriň döwletli işi geňeşli, uly jemagat bolup maslahatlaşandygyny, geňeşe uly ähmiýet berendigini Magtymguly atamyzyň eserlerindäki «Ärler geňeşi», «Uly jemagat», «Uly geňeş» ýaly sözleriň ýygy-ýygydan gaýtalanýandygynda, nesihat almak, ile maslahat salmak hakynda öwüt-ündewlerinde görýäris. Akyldar şahyr «Geňeş bergil deňe-duşa», «Beglermiz kylar geňeşi», «Ýagşylar geňeşin tutan», «Takdyrdan daş çykmaz geňeş taslasa», «Goç ýigide toýdur-baýram / Her iş gelse il biläni» ýaly setirleriniň üsti bilen geňeşli biçilen donuň gysga bolmaýandygyny, «Geňeşli ýerde kemlik ýok», «Geňeşene giň dünýä» diýen halk paýhasyny beýan edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Hawa, halkyň ykbalynyň çylşyrymly pursatlarynda hem: «Depä çyk-da seret, iliň ugry hanjak (nirä) bolsa, senem şo ýana git», «Il bilen gelen — toýda-baýram», «Dinden çyksaň çyk, ilden çykma» diýilýär. Bu köpçüligiň geňeşip gelen neti

HAZAR – PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ DEŇZI

Dünýä döwletleri bilen dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýän Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyzyň dünýäde ýüze çykýan islendik çylşyrymly ýagdaýlary kadalaşdyrmakda syýasy-diplomatik serişdeleri ulanmagy esasy ýörelge edinmegi halkymyzyň gadymdan gelýän parahatsöýüjilikli häsiýetine mahsusdyr. Munuň şeýledigini, Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Häzirki wagtda gadymy Hazaryň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmünde ykrar edilmegi deňiz bilen çäkleşýän goňşy döwletleriň tagallalarynyň birligini esaslandyrýan sebit hyzmatdaşlygynyň onyň netijelerini şöhlelendirýär. Hazar sebiti bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmek babatda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» anyk maksatlar kesgitlenilýär. Bu resminama laýyklykda ýurdumyz Hazar deňzinde bäştaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň döwletleriň parahatçylygy, agzybirligi goldamaga we özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan umumy çalyşmasyny görkezýän birleşdiriji şert bolup durýandygyndan ugur alýar. Türkmenistan Hazar bilen bagly meseleleriň syýasy-hukuk, ykdysady, energetika, ekologiýa we beýleki ugurlar boýunça kenarýaka döwletleri bilen netijeli gepleşikleri alyp barmagy dowa

ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär we olaryň döwrebap ylym-bilim almagyna, hünär eýesi bolmagyna, döredijilikli işlemegine ähli mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargytlaryny ýüregine siňdirip, ýaşlara diňe okamak, öwrenmek, döretmek, halk üçin, Watan üçin işlemek galýar. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde mynasyp goşandyny goşan, şeýle hem edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde üstünlikler gazanyp, döredijilik başarnygyny görkezen ýaşlary «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy» bilen sylaglaýar.

«ÝAŞ WASPÇY» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI DOWAM EDÝÄR!

Gülaýym GELDIMYRADOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda yglan eden «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginde «Ýatlama» atly hekaýasy bilen žurnalyň altynjy sanynyň ýeňijisi.

KIŞMIŞLI KEKS

Süýjilikleriň arasynda ýönekeýligi we özboluşly tagamy bilen tapawutlanýan keksleriň birnäçe görnüşleri bar. Olaryň arasynda çagalyk ýyllarymyzy ýatladýan kişmişli keksiň tagamy has-da üýtgeşik bolýar. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda kişmişli keksiň taýýarlanylyşyny Siziň bilen paýlaşmagy makul bildik. Gerekli önümler:

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

ALKYŞNAMA Täze eýýam içre gözel Watanmyz,

AZYK HOWPSUZLYGY – DÖWRÜŇ TALABY

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürilýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň wekilleri we BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy «Hemra suratlarynyň we geografik maglumat ulgamlarynyň kömegi bilen öri meýdanlarynyň monitoring ulgamyny gowulandyrmak», «Balyk gorlaryna baha bermek we gözegçilik etmek» ýaly başlangyçlaryň çäklerinde Türkmenistana tehniki taýdan kömek bermäge meýillidigini mälim etdiler.

«BEDEW MÜNEN HASSA BOLSA, SAG OLUR»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende galdy. Ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlary gaýtadan dikeldilip, türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere göterilýär. Yhlasly we döredijilikli zähmet çekýän türkmen atşynaslary ady dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny köpeltmek boýunça uly işler alyp barýarlar. «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi ― biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewlerimize goýýan belent hormatyndan nyşandyr. Türkmen halkynyň bedewlere bolan garaýyşlary öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Biologiýa ylmynda ewolýusiýa ösüşiniň ýokary basgançagynda duran adama iň ýakyn ýerleşen jandary maýmyn hasap edýän bolsalar, halkymyz bedew aty adama iň ýakyn jandar hasaplaýar. Oňa Magtymguly Pyragynyň: «Bedew atlar adam ýaly syzýar» diýen sözleri şaýatlyk edýär. Türkmen halky bedewleri öz ýakyn syrdaşy hasap edipdir.

ÜNSSIZLIKMI ÝA PERWAÝSYZLYK?!

Amerikaly ussat skripkaçy Joşua Belliň döredijilik babatdaky meşhurlygy 1975-nji ýyldan bäri sazandalara gowşurylýan abraýly sylag – Eweri Fişeriň baýragyna mynasyp bolandan soň has-da artdy. Hatda adamlar Joşuanyň çalýan sazlaryny zalyň birinji hatarynda hezil edip diňlemek üçin 415 dollarlyk petege-de puluny gaýgyrmaýardylar. Emma sazyň ölemen janköýerleri filarmoniýadan daşarda sazandanyň ussatlygyna mynasyp baha berip bilýärmikä? Bu sowalyň jogabyny «The Washington Post» neşiriniň geçiren jemgyýetçilik tejribesi has-da aýdyňlaşdyrdy.

BIR WAKANYŇ ÜÇ ŽANRDAKY BEÝANY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde medeniýet ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak we çuňňur öwrenmek, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek, her bir raýatyň milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan çäksiz söýgüsini has-da artdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli aýdym-saz sungatymyza ägirt uly goşant goşan beýik sungat ussatlaryna, bagşy-sazandalara aýratyn sarpa goýulýar. Olar hakyndaky rowaýatlar halkyň arasynda ýaşap, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ol rowaýatlarda beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýörelgeleridir geljek nesillere galdyran sungat miraslary hakyndaky hakykatlar özboluşly şöhlelenýär.

MAGTYMGULYNYŇ PAÝHAS HAZYNASY

Türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy XIX asyrdan bäri gündogary öwreniji alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şahyryň çuňňur pelsepä, ynsanperwerlige, parasatly nesihatlara eýlenen edebi döredijiligini öwrenmäge berilýän üns has-da güýçlendirildi. Halkymyzyň beýik şahyrynyň il-günümiziň abadan, bagtyýar durmuşy, berkarar döwletlilik hakyndaky arzuwlarynyň wysaly bu günki gün täze taryhy döwrüň mysalynda aýdyň şöhlelenýär. Şeýle hem, akyldar şahyryň döredijiliginiň tutuş süňňüne siňdirilen mertlik, ahlaklylyk, giň gözýetimlilik, adamkärçilik hakyndaky garaýyşlary, şahyrana pikirleri halkymyzyň paýhas hazynasy hasaplanýar. Onuň döredijiligindäki ynsanperwer garaýyşlar diňe bir halka dahylly däl-de, umumadamzat ähmiýetine eýedir.