Häzirki wagtda ýurdumyzda täzeçe çemeleşmeler esasynda ýaş nesilleriň dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary derejeli bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda degişli hukuk, maliýe we maddy-tehniki şertleriň tutuş toplumy emele getirildi. Bilim ulgamyny ösdürmäge goýberilýän býujet serişdeleri ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň uly bölegini düzýär.
Milli hukuk özgertmeleriniň barşynda bilim kanunçylygynyň binýady berkden tutulýar. Ilkinji nobatda, her bir raýatyň bilim almaga, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine bolan hukuklarynyň konstitusion esasda berkidilendigini bellemek gerek. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi jemgyýetimiziň ykdysady, durmuş we medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilimiň ileri tutulýandygyny kesgitledi.