ÝÜREKLERDE ORUN ALAN ŞAHYR

1 Oktýabr 2024
367

Mundan üç asyr ozal türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde ajaýyp öwrülişik ýüze çykdy. Şol öwrülişik bu dünýäni çeper sözüň güýji bilen baky çoýmak üçin kemala geldi, hut şu işi amala aşyryp hem ýör. Indi üç asyrdan bäri her bir türkmen Magtymguly Pyragynyň ady bilen gepleýär, akyldar şahyryň ady bilen pikirlerini, düşünjelerini beýan edýär. Şeýle bolansoň, nusgawy şahyrymyzyň edebi möhrüne keremli topragymyzyň her ädiminde gabat gelýäris. Bu yz ýüregimize-de çekildi. Onsoň ony toprakdan tapmak asla müşgil iş däl.

Magtymguly Pyragy ― hemmeleriň söýgüli şahyry! Ol hemmeleriň göwnünde tagt gurdy. Şonuň üçin hemmeleriň dilinde akyldar şahyryň dür-paýhasa siňen setirleri. Şonuň üçin biz göwünlerimizde-de, ýaşaýan şäherdir obalarymyzda-da beýik akyldaryň heýkellerini dikdik. Paýtagtymyzda bolsa Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumy döredildi.

Rahman ERGEŞOW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary.