TOÝ TOÝLANÝAR MEDENIÝETIŇ ŞANYNA

3 Iýul 2024
663

Her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň abraý-mertebesi has-da belende galýar. Medeniýetini, sungatyny sarpalap, milliligine buýsanyp, olaryň şanyna uly toý-baýram edýän halk dünýäde başga ýok bolsa gerek?! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl uly dabara bilen bellenilýän bu baýram – Medeniýet hepdeligi «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde uly ruhubelentlige beslenip, medeniýetimiziň täze taryhy döwründäki beýik galkynyşyny şöhlelendirdi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli çäreler türkmen halkynyň medeni mirasyny, däp-dessurlaryny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge we täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Medeniýet hepdeliginiň çäginde ýaýbaňlandyrylýan medeni köpçülikleýin çäreleriň mazmunynda köp ugurly türkmen medeniýetiniň ähli görnüşleriniň – opera, aýdym-saz, kino, teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungatlarynyň, edebiýatyň we halk döredijiliginiň özboluşly sazlaşygy öz beýanyny tapýar. Medeniýet hepdeligiň çäklerinde geçirilýän şygryýet agşamlarynda halypa ýazyjy-şahyrlar bilen bir hatarda şahyr ýaşlar hem öz ýürek buýsançlaryny siňdiren goşgularyny okaýarlar. Bu olar üçin özboluşly kämillik mekdebi bolup, halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ajaýyp döwrümizdäki dabaralanmasynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Gülşat MÄMMETDURDYÝEWA
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.