RAÝAT JEMGYÝETINIŇ ÖSÜŞINDE ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ ORNY

3 Iýul 2024
209

Ýurdumyzda halk häkimiýetliliginiň ýörelgelerini hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler raýat jemgyýetini ösdürmek, onuň mazmunyna täze äheň bermek, içerki gurluşyny kämilleşdirmek boýunça çäreler bilen sazlaşykly utgaşýar. Biziň döwletimiz raýat jemgyýetiniň ösmegine we kämilleşmegine ýardam berýär, raýatlaryň ykdysady, hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýär. Bu babatda dürli çäreleri amala aşyrýar, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini sazlaşdyrýar, olaryň orunlaryny we ygtyýarlyklaryny kesgitleýär. Bu barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 17-nji maddasynda: «Döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär» diýlip bellenilýär.

Öz gezeginde, raýat jemgyýetiniň aýratyn bölegi jemgyýetçilik birleşikleridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 44-nji maddasy raýatlara Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary, gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge hukuklaryny kepillendirýär. Raýatlaryň bu hukugynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen kanunlar kabul edilýär. Ýurdumyzda dürli görnüşli jemgyýetçilik birleşikleri hereket edip, olaryň hatarynda ýaşlaryň öz bähbitleriniň we garaýyşlarynyň esasynda birleşmäge bolan isleglerine esaslanýan, ýaşlaryň özbaşdak guramaçylygynyň görnüşi bolup durýan ýaşlar jemgyýetçilik birleşikleri uly ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň işjeňliginiň bu görnüşi barada 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (rejelenen görnüşi) şeýle kesgitlenilýär: «Ýaşlar birleşigi – tertipnamalaýyn işi ýaşlaryň durmuşda kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegini we hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hasaba alnan, garaýyşlarynyň we bähbitleriniň umumylygy esasynda döredilen, agzalarynyň umumy sanynyň azyndan 75 göterimi ýaşlar bolup durýan meýletin jemgyýetçilik birleşigi. Ýaşlar birleşikleriniň 35 ýaşa ýeten agzalary, degişli ýaşlar birleşiginiň tertipnamalaýyn düzgünlerini berjaý eden ýagdaýynda, 37 ýaşa ýetýänçäler olaryň agzasy bolmagyny meýletin esasda dowam etdirip bilerler».

Allanur KADYROW
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.