MUNDA HASYL BOLÝAR ÄHLI ARZUWLAR

3 Iýul 2024
591

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygyň goýnunda, aýratyn-da Watanymyzyň daýanjyna deňelýän ýaşlaryň döwrebap şertlerde, kämil jemgyýetde ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirilýär. Biz muňa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda has-da aýdyň göz ýetirdik. Çünki bu senede tarp ýerden, gadymy oguz ýurdunda dünýä nusgalyk şäher — Arkadag şäheri açyldy.

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde «Ösüş, özgeriş, galkynyş, döredijilikli çemeleşmeler — döwrümize, döwletimize mahsus aýratynlyk. Bu zamana taryha siňen ebedi ýazgylarda, ezeli wakalarda, arzuwly ertekilerde ýatlanylýan, arzuwlaryň hasyl bolýan we bagtly döwrany Hakdan berlen, gowy geljegi öňünden buşlanylan döwürdir» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurt berkararlygynyň, halk bagtyýarlygynyň aýdyň kepili bolup bina edilen Arkadag şäheri bu hakykaty dünýä äşgär etdi.

Umyda KAKAÝEWA
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.