ÖMRÜŇ MANYSY WATANDAN BAŞLANÝAR

4 Iýun 2024
720

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ägirt uly işleri taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýar. Bu ösüş-özgerişler ähli ulgamlar, ugurlar bilen bir hatarda Ýaragly Güýçlerimiziň hem kämil binýadyny kemala getirýär. «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» esasynda ata Watanymyzyň goranmak kuwwaty barha pugtalandyrylýar. Bu resminama diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň düzgünlerine laýyklykda, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwaty halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şuny göz öňünde tutup, biz milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis. Bu edaralar üçin geljekde hem häzirki zamanyň iň kämil tehnikalaryny, beýleki zerur enjamlary satyn alarys. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrarys» diýip, aýratyn nygtap geçişi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işler döwrebap häsiýete eýe bolýar.

Bagtyýar ALLOWOW
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.