ENERGETIKA PUDAGYNYŇ MILLI WE HALKARA DEREJESINDE ÖSÜŞ UGURLARY

6 Maý 2024
741

Milli ykdysadyýetiň kuwwatyny pugtalandyrmakda energetikanyň wajyp orny eýeleýändigi nukdaýnazaryndan, bu möhüm ulgamyň ösdürilmegine durmuşa geçirilýän giň gerimli döwlet maksatnamalarynda aýratyn orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny giň gerimler bilen ösdürmäge we toplumyň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen energetika syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek dowam etdirilýär. Toplumyň pudaklarynyň ýurduň özgeriş durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy maliýe çeşmesi bolmagyndaky orny pugtalandyrylýar.

Geçen ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek döwrebap elektrik stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulmagy, şonuň ýaly-da, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň dabaraly açylyp ulanylmaga berilmegi aýdylanlary doly tassyklaýar. Şeýle-de, türkmen energogurluşykçylarynyň yhlasly zähmet çekmegi netijesinde Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşygyny şu ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Şeýle energoulgamy döretmegiň baş maksady ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly, içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Muhammetnur ATAÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.