ANNAGYLYÇ MÄTÄJI – USSAT ŞAHYR

6 Maý 2024
644

Edebiýatda adamyň durmuşy, ýaşaýyşy, häsiýeti we arzuwy söz arkaly suratlandyrylýar. Adam edebiýatyň üsti bilen kämilleşýär. Çeper edebiýat adamy we onuň durmuşyny beýan etmek bilen şolaryň esasynda adamlara dogry ýoly salgy berýär. Edep-ekramly nesilleri ýetişdirmek edebiýatyň baş maksadydyr. Türkmen edebiýatynda hem nesilleri kämillige çagyrýan ençeme şahyrlar bar.

Türkmen nusgawy edebiýatynda özüniň ajaýyp goşgulary bilen orun alan hem-de ähli döwürlerde-de ähmiýetini ýitirmeýän şygyrlary bilen yz galdyran ussat şahyrlaryň biri hem Annagylyç Mätäjidir. Mätäji XIX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri bolup, beýik Magtymgulynyň edebi däplerini içgin öwrenen we dowam etdiren şahyrdyr. Annagylyç Mätäjiniň şygyrlary şirinligi, many-mazmuna baýlygy, halky äheňi bilen söýgä mynasyp bolupdyr. Şahyryň şygyrlary häzirki wagtda hem owazlylygy, aýdym-saz äheňliligi bilen halk arasynda meşhurdyr.

Merdan NEPESOW
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.