HALKLARY BIRLEŞDIRÝÄN KÖPRI

6 Maý 2024
739

Halkyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesi gönüden-göni döwletiň ykdysady ösüşine bagly bolup durýar. Ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek üçin giň dünýägaraýyşly, sowatly, Watana wepaly hünärmenlere bil baglanylýar. Olaryň ylymda, bilimde dünýäniň soňky gazananlaryndan baş çykarmagy, hususan-da sanly ulgamlara erk edip bilmegi, daşary ýurt dillerini çuň öwrenmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň özenini düzýär. Çünki aýdylanlar bilen bir hatarda, dünýä dilleriniň kämil bilinmegi halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli orun eýeleýär.

Islendik halkyň dilini bilmek, olaryň medeniýetini öwrenmäge hem giň mümkinçiligi döredýär. Dil halklary özara birleşdirýän ruhy köpri bolup hyzmat edýär. Haýsydyr bir halkyň dilini bilmek, medeniýetine düşünmek özboluşly dünýäniň gapysyny açýar, dünýägaraýşyňy giňeldýär, kämillige eltýär.

Bibimerýem GELDIMYRADOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby