DÖWLET BERKARARLYGYNYŇ SYNMAZ SÜTÜNLERI

4 Iýun 2024
702

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasy bilen gülläp ösýän ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarydyr azatlyklaryny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goşulşan Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda, Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara Ylalaşygynda, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky halkara Ylalaşygynda, Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara Konwensiýasynda, Gynamalara we adamlara çemeleşmäniň beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidiji görnüşlerine we jezalaryna garşy Konwensiýasynda we beýleki halkara resminamalarynda takyk berkidilen hem-de bu ugurda esasy taglymlaryny, milli ýörelgeleri özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar.

Mundan 32 ýyl öň döwletimiz üçin ýatdan çykmajak sene, has takygy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Esasy Kanunymyz döwletimiziň mizemez hukuk binýady, geljekki ösüşlerimiziň özeni bolup durýar. Iň ýokary hukuk güýjüne eýe bolan bu resminamada halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, Türkmenistanyň goşulşan konwensiýalary, baglaşan şertnamalary, galyberse-de müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz orun alýar. Onda berkidilen adalatlylyk, deňhukuklylyk, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny sarpalaýan milli ýörelgelerimiz raýat jemgyýetiniň dabaralanmagyna giň şertleri döredýär.

Batyr ILAMANOW
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.