ÜSTÜNLIGIŇ SYRY ZÄHMETDE
Her bir ynsan öz arzuwlary bilen ýaşaýar. Diňe çagalaryň däl, eýsem uly ýaşlylaryň hem öz göwünlerinde beslän arzuwlaryna ýetmek üçin maksatlary bar. Kiçijigem bolsa üstünlik gazanmak adamzadyň arzuwdyr islegleriniň assa-ýuwaş amala aşyp barýandygynyň bir alamatydyr. Üstünlik biziň arzuwlarymyza ýetmegimiz üçin iň wajyp bolan basgançagymyz diýsek, nädogry bolmasa gerek. Üstünlik gazanmak üçin adamyň diňe arzuw etmegi ýeterlik däldir. Eden arzuwyňy amala aşyrmak üçin birnäçe kynçylykly ýollardan geçilmeli. «Herekete – bereket» diýlişi ýaly, näçe köp zähmet çekseň, şonça tiz seniň islegleriň hasyl bolar, üstünlik gülüp bakar. Ýöne esasy zatlaryň biri, arzuwlaryň hasyl boljakdygyna, ilki bilen, seniň özüň ýürekden ynanmagyň gerek. Islendik işiň başyna barlanda-da, etjek bolýan işiň ugruna boljakdygyna berk ynanmagyň gerek.