HALK PEDAGOGIKASYNDA NESIL TERBIÝESI

18 Mart 2024
378

Halk pedagogikasy (etnopedagogika) uzak taryhymyzyň dowamynda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermegiň esasy bolup gelipdir. Ýyllaryň tejribesi, asyrlaryň synagy halk pedagogikasyny kämilleşdiripdir. Halk pedagoglary — şahyrlar, bagşylar, ata-eneler, ussalar, zähmetkeşler, ýaşulular öz «okuwçylarynyň»—ýaşlaryň, ýetginjekleriň, il-halkyň akyl, ahlak taýdan dogry terbiýelenmeginde möhüm orun eýeläpdir. Ata-babalarymyz terbiýe meselesinde çaganyň ýaş aýratynlygyny hem göz öňüne tutupdyrlar. «Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar», «Çagany—ýaşdan...», «Çaga eziz,edebi ondanam eziz» diýen ýaly nakyllar halkymyzyň ýaş nesliň terbiýesi bilen bagly meselä berk, jogapkärli çemeleşendigini görkezýär. Türkmenleriň çagasöýüji halk bolandygyny başga halklaryň wekilleri, syýahatçylar öz ýazgylarynda haýran galyjylyk bilen belläp geçipdirler. Hatda türkmen halk döredijilik eserlerinde — dessanlarda, rowaýatlarda, hüwdülerde, nakyllarda halkymyzyň çaga bolan söýgüsi açyk-aýdyňlygy bilen duýulýar. «Bal süýji, baldan-da — bala», «Çagaly öý—bazar, çagasyz öý—mazar» diýen ýaly birnäçe nakyllar munuň aýdyň mysallarydyr. Emma öz söýgüsine berk bolmagynyň çaganyň geljekde maşgalasyna, Watanyna mynasyp perzent bolup ýetişmegine ýardam edýändigini durmuş tejribesi subut edipdir.

Terbiýe maşgaladan başlanýar, jemgyýetde bolsa dowam edýär, berkeýär. Her bir maşgalada alnan görüm-göreldäniň, öwüt-ündewiň dogry bolmagy sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň ilkinji we esasy başlangyçlarydyr. Kämil şahsyýetiň kemala gelmeginde jemgyýetiň täsiri uludyr. Magtymguly atamyzyň «Märeke görmegen ýigit har bolar...» diýip aýdyşy ýaly, çaganyň şahsyýet hökmünde ýetişmegini jemgyýetden üzňe göz öňüne getirmek kyn.

Sähet GUTLYÝEW
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy.