1. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Milli bahar baýramyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnaly bilelikde «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär;
2. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz 2024» atly şadyýan bäsleşigini yglan edýär;