GAHRYMAN ARKADAGYMYZ, MAGTYMGULY PYRAGY – ZEHINLERIMIZE YLHAM ÇEŞMESI

2 Mart 2024
618

Göwün gözgüsine Güneşiň tylla tyglary bilen surat çekýän Pyragy gojaman Köpetdagyň eteginden howalaly inip gelýär. Göwnüme, göýä, ol içinden bir zatlar pyşyrdaýan ýaly. Pyragynyň diňe bir serine gelen setirleri däl, eýsem il-halkyň hal-ýagdaýyndan, döwrüň wakalaryndan habar berýän goşgulary ýyllaryň zarbynda mizemän, biziň günlerimize çenli gelip ýetmegi başardy. Elbetde, bu şygyrlar öz-özünden häzirki döwre çenli saklanmady. Olary halkyň Pyragynyň eserlerine bolan söýgüsi, şahyryň çuňňur filosofik garaýyşlary ýaşatdy. Gahryman Arkadagymyzyň çuň zehininden kemal tapyp, Köpetdagyň goýnunda ör boýuna galan Magtymguly Pyragynyň gurluşygy tamamlanyp gelýän heýkeline her gezek gözüm düşende, Taňrynyň ýiti zehinli şahsyýetleri asyryň öňbaşçysy hökmünde ýaradýandygy barada oýlanýaryn.

Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 17-nji awgustynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy we şol ýerde akyldar şahyra bagyşlap döreden täze goşgusyny okap bermegi ussadyň ussada näderejede hormat goýýandygyny doly açyp görkezdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bu şygyr Pyragynyň ruhuny belende göterendir diýsek, hakykatdan daş düşmeris.

Sona HALYKOWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň magistranty.