Nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigaty bar. Keremli türkmen topragy dermanlyk ösümliklere baýdyr. Şol ösümlikleriň biri hem atgulakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda atgulagyň dermanlyk häsiýetleri barada gyzykly maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Atgulak ir döwürlerden bäri Gadymy Hytaýda, Rimde we Gresiýada melhem hökmünde giňden ulanylypdyr. Gündogaryň lukmanlary hem bu otuň täsin aýratynlyklary barada öz işlerinde ýazypdyrlar. Uzak demirgazyk ýurtlaryndan başga ähli ýerde bitýän atgulagyň dünýä ýüzünde birnäçe görnüşi bar. Atgulagyň latynça ady «nal» we «hereket» sözlerinden emele gelip, ony aýak yzyna meňzedipdirler. Amerikan indeýleri bu oty «Ak adamyň aýak yzy» diýip atlandyrypdyrlar.
Atgulak – köpýyllyk haşal we dermanlyk otjumak ösümlik bolup, onuň Türkmenistanda 10 görnüşi gabat gelýär. Biziň ýurdumyzda bu dermanlyk ösümligiň, esasan, Plantago major (uly ýaprakly)- köpýyllyk, Plantago lanсeolata (süýri ýaprakly) - köpýyllyk we Plantago ovata (ýumurtga görnüşli) - birýyllyk otjumak görnüşleri giňden ýaýrandyr we diýarymyzyň ahli etraplarynda diýen ýaly duş gelýär. Bular köplenç düzlüklerde, daglaryň çygly ýerlerinde, derýalaryň, ýaplaryň boýlarynda, ekerançylyk meýdanlarynda we ýollaryň gyralarynda ösýärler. Dermanlyk ösümligiň himiki düzüminiň peýdaly maddalara şeýle baý bolmagy we tebigy gorlarynyň elýeterli bolmagy irki zamanlardan bäri halk lukmançylygynda giňden ulanylmagynyň esasy sebäpleriniň biridir.