"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Açyk gapylar» gününi geçirýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2021-2022-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin 2021-nji ýylyň 20-nji maýynda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününi geçirýär «Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan özgertmeleriniň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlanylýan hünär ugurlary, döwrebap tehnologiýalar, internet bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, barlaghanalary, şeýle-de «Oguz han» döredijilik toparynyň çykyşlary, «Oguz han» innowasion toplumy, kitaphana, sport-sagaldyş toplumy we umumyýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyplaryň şertleri bilen tanşyp bilerler.

Dil bilen — dana

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmäge bolan höwesini artdyrmak, olaryň dil başarnygyny kämilleşdirmek, zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak maksady bilen, welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň guramaklarynda «Dil bilen — dana» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen bäsleşige Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumybilim berýän orta mekdepleriň 9 — 11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşikde oňa gatnaşan mekdep okuwçylary «Ak şäherimiz — Aşgabat» diýen tema boýunça öz taýýarlan iňlis dilindäki wideoroliginiň mazmunyny beýan etdiler. Bije arkaly eminler

Gür baglygyň gujagynda

Aslynda, maksadymyz mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylarynyň dürli bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri bilen tanyşmakdy. Ýöne biz mekdebiň içine girýänçäk, howlusynda esli wagt eglendik. Munuň sebäbi-de — baglar. Oba adamlarynyň degişme bilen aýdyşy ýaly, bu baglygyň içinde mekdebi tapmak aňsat däl. Göz öňüňize geldimi?! Çärjew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň howlusyndaky ülje, erik, garaly, alma, badam, şetdaly, armyt, üzüm we gülleriň birnäçe görnüşleri bu ýerde bag ýetişdirmek üçin çekilýän irginsiz zähmetden habar berýär. Elbetde, şeýle mekdebiň okuwçylarynyň çuň bilim almak bilen birlikde zähmet endiklerini hem kemsiz özleşdirýändikleri öz-özünden düşnükli.

Bilim biziň bagtymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halk hojalygymyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyna hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, geljekde işine ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin tutumly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Golaýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Başlangyç hünär okuw mekdebinde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa bu ugurda hünärli bolmaga höwes bildirýän ýaşlar, şol sanda bu orta hünär okuw mekdebini tamamlaýan talyplar gatnaşdylar. Oňa gatnaşyjylar mekdebiň okuw we tejribe otaglary, okadylýan ugurlar we hünärler, alnyp barylýan okuw we ylmy işleri hem-de sanly tehnologiýalary bilen tanyşdylar. Şeýle hem, bu ýerde taryhy, teleradio žurnalistikasy, teleradio gepleşikleri taýýarlamak we alyp barmak, kino sungatyny we telekinooperatorçylygyň inçe tilsimleri öwredilýän hünärler bilen bagly gyzykly gürrüň berildi.

Watansöýüjiligiň asylly ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri biziň her birimiz üçin nusga bolup durýar. Esasan hem ýaş nesilleri terbiýelemekde şeýle ajaýyp kitaplaryň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» romanynyň many-mazmunyny okuwçylara düşündirýäris. Romanda «Özüniň söweşe gitmeginiň fronta ýollamaklaryny haýyş edip harby komissarlyga ýazan öz üçünji arzasynyň netijesimi ýa-da frontlarda esgerleriň ýetmezçilik edýänligi zerarly emele gelen kynçylyklar bilen baglanyşyklymy, ony Berdimuhamet bilenok. Ýöne hut şu ýyllarda döwletiň bilim meselesine uly ähmiýet berendigini ol aýratyn ýiti duýdy. Sebäbi şol kynçylykly günlerde-de okuwyň ýekeje gün-de togtadylmazlygy üçin ähli zerur şertler döredilipdi» diýlip beýan edilýär.

Ilhalar mugallymyň gözel mekdebi

Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserleri halkyň ýüregine ýakynlygy bilen tapawutlanýar. Bu gün türkmen edebiýatynda ymykly orun alan eserleriň arasyna müdimilik giren şol kitaplarda gozgalýan temalaryň manysy okyjylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy — dostluk, doganlyk sazy», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary türkmeniň asyl häsiýetine, edim-gylymlaryna, däp-dessurlaryna, urp-adatlaryna ýakynlygy bilen tapawutlanýan bolsa, «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly eserlerinde watançylyk, watansöýüjilik meseleleri gozgalyp, ýaş nesil üçin terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romany gozgalýan meseleleriniň derwaýyslygy, many-mazmun çuňlugy bilen okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çekýär. Bu ajaýyp eserde türkmen edebiýatynyň taryhynda mugallymyň mynasyp keşbi beýan edilýär. Şeýle hem bilim bermegiň ähmiýetine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Roman hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy, ömrüni mugallymçylyk ýaly hormatly käre bagyş eden, il-günüň arasynda uly sylagdan peýdalanýan, beýik ynsan, sarpaly mugallym, söweşjeň esger Berdimuhamet Annaýewe bagyşlanýar. Eserde Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly hakyky du

Onlaýn bäsleşigi

Golaýda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda uzagara onlaýn (göni ýaýlym) görnüşde okuw dersleri boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işlenip taýýarlanan programma üpjünçiliginiň kömegi arkaly guraldy. Oňa ýurdumyzyň 42 sany orta hünär okuw mekdeplerinden onlarça talyp gatnaşdy. Bäsleşikde Mugallymçylyk mekdebimizden hem zehinli ýaşlaryň 27-si dersleriň 9 görnüşi boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, Mugallymçylyk mekdebimiziň talyplary gowy görkezijileri gazanyp, baýrakly orny eýelemegi başardylar.

Başlangyç synplarda bilim-terbiýe bermek

Başlangyç synplarda çagalara berilýän bilimiň, terbiýäniň netijeli bolmagy üçin, ilkinji nobatda, mugallymyň baý iş tejribesiniň bolmagy zerurdyr. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň daş-töweregindäki zatlara göz ýetirmeginde, olaryň aň-düşünjesiniň, ukyp-başarnygynyň ösmeginde öwrediji oýunlaryň uly ähmiýeti bar. Körpeliginden höwes bilen oýnaýan oýunlary çaga durmuşynyň bir bölegi bolup durýar. Mugallym dürli oýunlary guraýarka, ünsli gözegçilik etse, her bir çaganyň özüne mahsus bolan aýratynlygyny — gylyk-häsiýetini, zehinliligini, başarnygyny ýüze çykaryp biler. Şonuň bilen bir hatarda, terbiýeçilik ähmiýetli dürli usullaryň kömegi arkaly guralýan oýunlarda çaganyň ünsi, pikirlenmesi, söz baýlygy, ýatkeşligi, hasaplamak endikleri ösdürilýär. Öwrediji oýunlar arkaly bolsa çagalaryň öz gurşawyndaky ýagdaýlar baradaky düşünjeleri baýlaşýar. Şeýle hem gözellik, birek-birege hormat goýmak duýgularynyň, gyzyklanmalarynyň artmagy, olaryň akyl taýdan ösmegi oýunlaryň gyzykly guralmagyna baglydyr.

Yhlasly zähmet — oňyn netije

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ata Watanymyzyň geljegi bolan bilimli, terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, biziň her birimiziň borjumyzdyr» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu babatda öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebimiziň bilim işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler. Geçen okuw ýyllarynda bolşy ýaly, olaryň 2020 — 2021-nji okuw ýylynda çekýän zähmeti hem ýerine düşýär. Muňa şu okuw ýylynda alnyp barlan okuw-terbiýeçilik işleriniň netijesinde gazanylan üstünlikleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Sanly bilim ulgamy — täze mümkinçilikler

Bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň dünýä derejesine çykarylmagy ugrunda bimöçber aladalar edýär. Çünki bilim ulgamy ýurduň ösüşini kesgitleýän esasy ulgamlaryň biridir. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ylymly-bilimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesine tutuş dünýäde möhüm meseleleriň biri hökmünde garalýar. Ussat hünärmenler milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna, ýurduň halkara abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, olaryň dünýäde ykrar edilen okuw maksatnamalarynyň esasynda okadylmagy, täzeçe we düýpli pikirlenip bilýän ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär.

Köp dil bilen arzyly

Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almaklary üçin uly aladalar edilýär. Berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullary bilen milli ýörelgeleriň esasynda utgaşdyrylyp alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Okuw işinde okuwçylaryň dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi esasy wezipe hökmünde kesgitlenilýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň ylym-bilim hem-de zehin babatda kämilleşmegine itergi berýär, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz mekdep okuwçylarynyň azyndan üç dili suwara bilmegini okuw işiniň esasy talaplarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şundan ugur alnyp, 2017-nji ýylda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Konsepsiýada ýurdumyzda okadylýan daşary ýurt dilleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň bu ugurda bilimlerini artdyrmak, milli okuw işine halkara tejribesini ornaşdyrmak wezipeleri göz öňünde tutulýar. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti boýunça halkara tejribesi öwrenilýär we okatmagyň milli ýörelgeleri kämilleşdirilýär.

Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi: ýaş žurnalistleriň döredijilik gurşawynda

Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde bize ýurdumyzyň durmuşyny we halkara ýagdaýlaryny oňat bilýän köpugurly žurnalistleri taýýarlamak zerur. Häzir bu ugurda kän işler alnyp barylýar. Ýöne geljegi göz öňünde tutup aýdanymyzda, türkmen žurnalistleriniň öňünde örän uly wezipeler dur» diýen sözlerinden ugur alyp, öz işine ussat, köptaraplaýyn bilimli žurnalistleri kemala getirmek boýunça institutyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy tarapyndan bu günki gün tutanýerli işler durmuşa geçirilýär. Ýöne biz bu makalamyzda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geljekki žurnalistlere berilýän nazary bilimler barada däl-de, talyplaryň başarnyklaryny amalyýetde kämilleşdirmek üçin döredilýän şertlerdir mümkinçilikler bilen ýakyndan tanşarys. Häzirki wagtda žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň ýanynda döredilen «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagy, sözüň doly manysynda, ýaş žurnalistleriň «döredijilik ussahanasyna» öwrüldi. Bu gün onuň çäginde hereket edýän «Ýaş diplomatyň sesi» internet gazeti, «Žurnalistiň sesi» radiogepleşigi we okuw studiýasy ykbalyny žurnalistika dünýäsi bilen baglamak isleýän ýaşlaryň hyzmatynda. Olar bu ýerde habardyr makala ýazmakdan başlap, gazeti çapa taýýarlamagyň, wakalary seljerip, syn bermegiň, radio we teležurnalistikanyň inçe syrlaryny iş üstünde öwrenmäge hem ukyp-

Watan goragçysy — hormat eýesi

«Ýaş nesillerimiziň sagdyn we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, häzirki zaman bilimlerini ele almagyny, watançylyk ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmek biziň baş maksadymyz bolup durýar» diýip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi. Şunlukda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynyň döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwrülendigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerini gazanmak we durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin ýurdumyzda milli Liderimiziň tagallalary netijesinde ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Ösen tehnologiýalar zamanasy bolan XXI asyrda döwrüň talaplaryndan ugur almak bilen, ýurdumyzda täze ýokary okuw mekdepleri açylyp ulanylmaga berilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze okuw binalary gurulýar. Öňden dowam edip gelýän okuw maksatnamalaryna täze — döwrebap hünärler girizilýär. Bular bolsa ýokary bilim alýan talyp ýaşlaryň öz saýlap alan hünärleriniň ussady bolup ýetişmeklerine ýardam edýär. Netijede bolsa, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan oňat baş çykýan hünärmenler bolup ýetişýär

Gadymy miras — müdimi miras

Kökleri müňýyllyklara uzap gidýän milli mirasymyzy ösdürmek, ony döwrebap röwüşde baýlaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmek boýunça biziň welaýatymyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bilim işgärleri-de bu möhüm işe önjeýli goşant goşýarlar. Olar ýaş nesle döwrebap bilim, asylly terbiýe bermek bilen bir hatarda el işleri, senetçiligiň dürli görnüşleri bilen içgin meşgullanýarlar. Lebaply bilim işgärleriniň taýýarlan amaly-haşam sungatynyň eserleri şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli guralýan sergilerde görkezilýär. Welaýat baş bilim müdirligi el işleri, senetçilik bilen meşgullanýan ussat bilim işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň özara tejribe alyşmaklaryny gazanmak maksady bilen golaýda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde sergi-bäsleşigi gurady. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli guralan çärä welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerindäki orta mekdeplerde, çagalar baglarynda zähmet çekýän bilim işgärleriniň birnäçesi gatnaşyp, özleriniň döreden el işleriniň ýüze golaýyny hödürledi. Sergi-bäsleşige hödürlenilen işleriň arasynda heýkeltaraşlyk, nakgaşçylyk, suratkeşlik, zergärçilik, halyçylyk, agaç ussaçylygy we amaly-haşam sungatynyň dürli eserleri bardy. Tejribeli hünärmenlerden ybarat eminler topary sergi-bäsleşige hödürlenilen el işlerine adalatly baha berdi. Hususan-da, halaçly bilim işgärleri

Guwandyryjy üstünlik

Merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna barýan häzirki şanly günlerimizde ýurdumyzyň bilim işgärleriniň arasynda yglan edilen «Ýylyň mugallymy — 2021» atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry Gökdepe etrabyndaky Gurbannazar Ezizow adyndaky ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Natalýa Saparowa ajaýyp üstünlik getirdi. Indi birnäçe ýyldan bäri bilim ulgamynda işlemek bilen, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde baý tejribe toplan mugallym bu bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy. Tejribeli mugallymyň gazanan üstünligi ählimizi begendirdi. — Mugallymçylyk jogapkärli we arzyly kär. Bu käre ykbalyny baglan ynsan hemişe täzeçillige ymtylýar. Işiňe yhlasly we döredijilikli çemeleşseň tejribäň baýlaşyp, üstünlik hemraň bolýar. Munuň şeýledigine «Ýylyň mugallymy — 2021» atly bäsleşikde turuwbaşdan göz ýetirdim. Ýurdumyzyň Bilim ministrligi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan bilelikde yglan edilen bäsleşigiň etrap we welaýat tapgyrlarynda-da, paýtagtymyzda geçirilen jemleýji bäsleşikde hem üstünlik hemram boldy. Muňa diýseň begenýärin, buýsanýaryn. Ýurdumyzda bilime aýratyn üns berýändigi, mugallymlaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda giň, döwrebap mümkinçilikleri döredýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyň çägi ýokdur — diýip, mugallym Natalýa Saparowa şatlygyny beýan etdi.

Ýurdumyzyň ösüşinde innowasiýalaryň orny

Ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly iki gün dowam eden halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan bu forumda berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýeti beýan edildi. Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň 30-njy aprelde geçirilen mejlisinde ylym-bilim işlerini ösdürmek, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň aýratyn möhümdigini ýene bir gezek belledi.

Utgaşdyrylan sapaklary guramak

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim almagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin uly tagalla edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillere berilýän bilimiň, terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak babatdaky taýsyz aladalaryndan ugur alyp, bilim ulgamynyň hünärmenleri özleriniň döredijilikli zähmetlerini çagalara bilimleriň esaslaryny giňden öwretmäge sarp edýärler. Ýaşlara ylym-bilim, terbiýe öwretmekde, ilkinji nobatda, çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini gazanmak esasy wezipeleriň biridir. Biz — çagalar bagynyň terbiýeçileri körpeleriň wagtynyň şatlykly hem-de netijeli geçmegi hakynda aladalanýarys. Olar bilen guraýan her bir sapagymyzy reňkli suratlary, gurjakdyr beýleki oýnawaçlary peýdalanmak we dürli oýunlary guramak bilen alyp barýarys. Mälim bolşy ýaly, çagalaryň görüş ýatkeşligi güýçli bolýar. Olar görkezme esbaplarda gören zatlaryny oňat ýatda saklaýarlar. Bu bolsa dürli serişdeleriň täsiri bilen körpeleriň öwredilýän temalary gowy özleşdirmeklerine mümkinçilik berýär.

Körpeleriň pikirleniş ukybyny ösdürmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermegiň sazlaşykly ulgamy döredildi. Ýurdumyzyň geljegi bolan körpe neslimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek üçin ähli şertler bar. Islendik döwletiň geljeginiň abadan bolmagynda esasy orun ýaş nesliň terbiýesine baglydyr. Şunda mekdebe çenli döwür möhüm orny eýeleýär. Bu döwürde çaganyň häsiýetiniň, duýgy-düşünjeleriniň, ukyp-başarnyklarynyň düýbi tutulýar. Çagalaryň akyl, ahlak, durmuş, beden we ruhy taýdan ösüşi dürli-dürli bolýar. Olaryň ählisiniň hem ukyby bardyr, şol ukybyň ýollaryny agtarmak, ösdürmek zerur. Ukyplaryň ösmeginiň gözbaşy tebigydyr, emma ol kesgitli ugra gönükdirilende, ösdürilende öz aýdyň maksadyna eýe bolýar. Adam haýsydyr bir işe ukyply bolup dogulmaýar, işiň esasynda özünde bar bolan ukyplary ösýär, kämilleşýär. Çagalaryň haýsy-da bolsa işiň bir görnüşini ýerine ýetirip bilmekleri üçin başarnyklary bolmalydyr. Şol başarnyklar olary okatmagyň netijesinde kemala getirilýär. Çagalar daş-töweregindäki ähli zatlardan (oýun we gepleşik, aragatnaşyk) öwrenýärler, şolar arkaly olar özleri, özgeler, daşky gurşaw barada düşünje alýarlar. Çagalaryň özara we ulular bilen aragatnaşyk saklamagy olaryň ösmegi üçin wajypdyr. Çaganyň akyl taýdan ösüşi onuň gündelik durmuşy bilen baglanyşyklydyr. Çag

Sanly bilim ulgamyna degişli adalgalar

Diliň sözlük düzüminiň baýlaşmagyna kömek edýän sanly bilim ulgamyna degişli adalgalar jemgyýetçilik durmuşynyň ähli giňişliklerinde, ýagny orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýan sapaklarda has köp ulanylýar. Bu bilim adalgalary adaty sözler bilen tekstiň içinde bilelikde gelseler-de, olardan özleriniň, esasan, bir manylygy, görnüş taýdan bir taraplygy bilen tapawutlanyp, sözden ýa-da söz düzümlerinden ybarat bolup, ylmy düşünjeleri aňladýarlar. Orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde guralýan sapaklarda sanly bilime degişli aşakdaky adalgalar işjeň ulanylýar: «Bulutlaýyn» tehnologiýa — hasaplama gorlary we kuwwatlyklary ulanyja Internet hyzmaty hökmünde berilýän, maglumatlaryň uzak aralykdan gaýtadan işlenmegini we saklanylmagy göz öňünde tutýan tehnologiýa;

Halypa mugallym

«Çekseň zähmet — ýagar rähnet» diýlişi ýaly, ýurdumyzda haýsy ugurdan zähmet çekseň-de, onuň gadyry bilinýär, mynasyp baha berilýär. Şeýle hormata mynasyp ildeşlerimiziň biri hem ömrüni mugallymçylyga bagyş eden halypa mugallym Beg Nazarowdyr. Ol ösüp gelýän ýaş nesle sowat-bilim öwretmekde yhlasyny gaýgyrman zähmet çeken ussat mugallym. Beg Nazarow 1928-nji ýylyň 23-nji aprelinde Mary etrabynda daýhan maşgalada eneden bolýar. Ol obalaryndaky ýediýyllyk mekdepde bilim alyp, ony 1943-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Onuň ýaşlyk döwri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelýär. Şol ýyllarda ol zähmetde taplanyp, döwrüň talabyna görä, ilki öz obalarynda zähmet çekýär. 1946-njy ýylda onuň bilim almaga bolan höwesi Marynyň Mugallymçylyk mekdebine (häzirki Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi) okuwa getirýär, bu okuw mekdebinde göreldeli talyplaryň biri bolup okaýar. Ol bilim beren mugallymlaryndan mekdebiň direktory Berkeli Öwezow, Durdy Nurmämmedow, Olga Myradowna, Artyk Hojageldiýew we talyp deň-duşlary Anna Paýtyk, Sylap Annaýew, Atadurdy Halmuhammedow, Kakajan Şamyradow we beýlekiler barada gyzykly gürrüňleri berýär. Beg Nazarow Mugallymçylyk mekdebinde ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary bilen geçirilen döredijilik duşuşygy barada: «1948-nji ýylyň 27-nji aprelinde biz Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýew, Gara Seýitliýew, Ata Salyh bilen oka