Köp dil bilen arzyly

5 Maý 2021
1049

Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almaklary üçin uly aladalar edilýär. Berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullary bilen milli ýörelgeleriň esasynda utgaşdyrylyp alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Okuw işinde okuwçylaryň dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi esasy wezipe hökmünde kesgitlenilýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň ylym-bilim hem-de zehin babatda kämilleşmegine itergi berýär, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz mekdep okuwçylarynyň azyndan üç dili suwara bilmegini okuw işiniň esasy talaplarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şundan ugur alnyp, 2017-nji ýylda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Konsepsiýada ýurdumyzda okadylýan daşary ýurt dilleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň bu ugurda bilimlerini artdyrmak, milli okuw işine halkara tejribesini ornaşdyrmak wezipeleri göz öňünde tutulýar. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti boýunça halkara tejribesi öwrenilýär we okatmagyň milli ýörelgeleri kämilleşdirilýär.

Gülşat AMANALYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.