Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi: ýaş žurnalistleriň döredijilik gurşawynda

5 Maý 2021
1238

Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde bize ýurdumyzyň durmuşyny we halkara ýagdaýlaryny oňat bilýän köpugurly žurnalistleri taýýarlamak zerur. Häzir bu ugurda kän işler alnyp barylýar. Ýöne geljegi göz öňünde tutup aýdanymyzda, türkmen žurnalistleriniň öňünde örän uly wezipeler dur» diýen sözlerinden ugur alyp, öz işine ussat, köptaraplaýyn bilimli žurnalistleri kemala getirmek boýunça institutyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy tarapyndan bu günki gün tutanýerli işler durmuşa geçirilýär. Ýöne biz bu makalamyzda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geljekki žurnalistlere berilýän nazary bilimler barada däl-de, talyplaryň başarnyklaryny amalyýetde kämilleşdirmek üçin döredilýän şertlerdir mümkinçilikler bilen ýakyndan tanşarys.

Häzirki wagtda žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň ýanynda döredilen «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagy, sözüň doly manysynda, ýaş žurnalistleriň «döredijilik ussahanasyna» öwrüldi. Bu gün onuň çäginde hereket edýän «Ýaş diplomatyň sesi» internet gazeti, «Žurnalistiň sesi» radiogepleşigi we okuw studiýasy ykbalyny žurnalistika dünýäsi bilen baglamak isleýän ýaşlaryň hyzmatynda. Olar bu ýerde habardyr makala ýazmakdan başlap, gazeti çapa taýýarlamagyň, wakalary seljerip, syn bermegiň, radio we teležurnalistikanyň inçe syrlaryny iş üstünde öwrenmäge hem ukyp-başarnyklaryny ählitaraplaýyn açyp görkezmäge mümkinçilik aldylar.

Sahypany taýýarlan Aýgül RAHYMOWA,
«Nesil».