Halypa mugallym

4 Maý 2021
1295

«Çekseň zähmet — ýagar rähnet» diýlişi ýaly, ýurdumyzda haýsy ugurdan zähmet çekseň-de, onuň gadyry bilinýär, mynasyp baha berilýär. Şeýle hormata mynasyp ildeşlerimiziň biri hem ömrüni mugallymçylyga bagyş eden halypa mugallym Beg Nazarowdyr. Ol ösüp gelýän ýaş nesle sowat-bilim öwretmekde yhlasyny gaýgyrman zähmet çeken ussat mugallym.

Beg Nazarow 1928-nji ýylyň 23-nji aprelinde Mary etrabynda daýhan maşgalada eneden bolýar. Ol obalaryndaky ýediýyllyk mekdepde bilim alyp, ony 1943-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Onuň ýaşlyk döwri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelýär. Şol ýyllarda ol zähmetde taplanyp, döwrüň talabyna görä, ilki öz obalarynda zähmet çekýär. 1946-njy ýylda onuň bilim almaga bolan höwesi Marynyň Mugallymçylyk mekdebine (häzirki Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi) okuwa getirýär, bu okuw mekdebinde göreldeli talyplaryň biri bolup okaýar. Ol bilim beren mugallymlaryndan mekdebiň direktory Berkeli Öwezow, Durdy Nurmämmedow, Olga Myradowna, Artyk Hojageldiýew we talyp deň-duşlary Anna Paýtyk, Sylap Annaýew, Atadurdy Halmuhammedow, Kakajan Şamyradow we beýlekiler barada gyzykly gürrüňleri berýär. Beg Nazarow Mugallymçylyk mekdebinde ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary bilen geçirilen döredijilik duşuşygy barada: «1948-nji ýylyň 27-nji aprelinde biz Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýew, Gara Seýitliýew, Ata Salyh bilen okaýan bilim ojagymyzda döredijilik duşuşygyny geçirdik. Tanymal ýazyjy-şahyrlarymyz bize öz goşgularyny okap berdiler. Şonda maňa-da şeýle ussatlaryň arasynda çykyş etmek bagty miýesser etdi. Ol pursatlar hiç wagt ýadymdan çykmaýar» diýip, buýsanç bilen ýatlaýar.

Kuwwat JUMALYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.