Sanly bilim ulgamyna degişli adalgalar

4 Maý 2021
1314

Diliň sözlük düzüminiň baýlaşmagyna kömek edýän sanly bilim ulgamyna degişli adalgalar jemgyýetçilik durmuşynyň ähli giňişliklerinde, ýagny orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýan sapaklarda has köp ulanylýar. Bu bilim adalgalary adaty sözler bilen tekstiň içinde bilelikde gelseler-de, olardan özleriniň, esasan, bir manylygy, görnüş taýdan bir taraplygy bilen tapawutlanyp, sözden ýa-da söz düzümlerinden ybarat bolup, ylmy düşünjeleri aňladýarlar. Orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde guralýan sapaklarda sanly bilime degişli aşakdaky adalgalar işjeň ulanylýar:

«Bulutlaýyn» tehnologiýa — hasaplama gorlary we kuwwatlyklary ulanyja Internet hyzmaty hökmünde berilýän, maglumatlaryň uzak aralykdan gaýtadan işlenmegini we saklanylmagy göz öňünde tutýan tehnologiýa;

Gurbangül MYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen dili kafedrasynyň müdiri.