Watansöýüjiligiň asylly ýörelgesi

6 Maý 2021
1084

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri biziň her birimiz üçin nusga bolup durýar. Esasan hem ýaş nesilleri terbiýelemekde şeýle ajaýyp kitaplaryň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» romanynyň many-mazmunyny okuwçylara düşündirýäris.

Romanda «Özüniň söweşe gitmeginiň fronta ýollamaklaryny haýyş edip harby komissarlyga ýazan öz üçünji arzasynyň netijesimi ýa-da frontlarda esgerleriň ýetmezçilik edýänligi zerarly emele gelen kynçylyklar bilen baglanyşyklymy, ony Berdimuhamet bilenok. Ýöne hut şu ýyllarda döwletiň bilim meselesine uly ähmiýet berendigini ol aýratyn ýiti duýdy. Sebäbi şol kynçylykly günlerde-de okuwyň ýekeje gün-de togtadylmazlygy üçin ähli zerur şertler döredilipdi» diýlip beýan edilýär.

Miwe HOJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň ýokary derejeli türkmen dili we edebiýat mugallymy.