Ýurdumyzyň ösüşinde innowasiýalaryň orny

4 Maý 2021
1054

Ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly iki gün dowam eden halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan bu forumda berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýeti beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň 30-njy aprelde geçirilen mejlisinde ylym-bilim işlerini ösdürmek, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň aýratyn möhümdigini ýene bir gezek belledi.

Taýýarlan Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».