Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Açyk gapylar» gününi geçirýär

7 Maý 2021
1746

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2021-2022-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin 2021-nji ýylyň 20-nji maýynda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününi geçirýär

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan özgertmeleriniň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlanylýan hünär ugurlary, döwrebap tehnologiýalar, internet bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, barlaghanalary, şeýle-de «Oguz han» döredijilik toparynyň çykyşlary, «Oguz han» innowasion toplumy, kitaphana, sport-sagaldyş toplumy we umumyýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyplaryň şertleri bilen tanşyp bilerler.