Bilim biziň bagtymyz

7 Maý 2021
983

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halk hojalygymyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyna hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, geljekde işine ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin tutumly işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Golaýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Başlangyç hünär okuw mekdebinde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa bu ugurda hünärli bolmaga höwes bildirýän ýaşlar, şol sanda bu orta hünär okuw mekdebini tamamlaýan talyplar gatnaşdylar. Oňa gatnaşyjylar mekdebiň okuw we tejribe otaglary, okadylýan ugurlar we hünärler, alnyp barylýan okuw we ylmy işleri hem-de sanly tehnologiýalary bilen tanyşdylar. Şeýle hem, bu ýerde taryhy, teleradio žurnalistikasy, teleradio gepleşikleri taýýarlamak we alyp barmak, kino sungatyny we telekinooperatorçylygyň inçe tilsimleri öwredilýän hünärler bilen bagly gyzykly gürrüň berildi.

Çaryguly HANJAÝEW,
«Aşgabat».