Yhlasly zähmet — oňyn netije

6 Maý 2021
1086

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ata Watanymyzyň geljegi bolan bilimli, terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, biziň her birimiziň borjumyzdyr» diýip belleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň bu babatda öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebimiziň bilim işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler. Geçen okuw ýyllarynda bolşy ýaly, olaryň 2020 — 2021-nji okuw ýylynda çekýän zähmeti hem ýerine düşýär. Muňa şu okuw ýylynda alnyp barlan okuw-terbiýeçilik işleriniň netijesinde gazanylan üstünlikleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Göwher GAPBAROWA,
Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy.