Utgaşdyrylan sapaklary guramak

4 Maý 2021
1214

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim almagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin uly tagalla edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillere berilýän bilimiň, terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak babatdaky taýsyz aladalaryndan ugur alyp, bilim ulgamynyň hünärmenleri özleriniň döredijilikli zähmetlerini çagalara bilimleriň esaslaryny giňden öwretmäge sarp edýärler. Ýaşlara ylym-bilim, terbiýe öwretmekde, ilkinji nobatda, çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini gazanmak esasy wezipeleriň biridir.

Biz — çagalar bagynyň terbiýeçileri körpeleriň wagtynyň şatlykly hem-de netijeli geçmegi hakynda aladalanýarys. Olar bilen guraýan her bir sapagymyzy reňkli suratlary, gurjakdyr beýleki oýnawaçlary peýdalanmak we dürli oýunlary guramak bilen alyp barýarys. Mälim bolşy ýaly, çagalaryň görüş ýatkeşligi güýçli bolýar. Olar görkezme esbaplarda gören zatlaryny oňat ýatda saklaýarlar. Bu bolsa dürli serişdeleriň täsiri bilen körpeleriň öwredilýän temalary gowy özleşdirmeklerine mümkinçilik berýär.

Gülnar SEÝDIBAÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky «Güneş» atly 3-nji çagalar bakja-bagynyň usulçy-terbiýeçisi.