Ilhalar mugallymyň gözel mekdebi

6 Maý 2021
1423

Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserleri halkyň ýüregine ýakynlygy bilen tapawutlanýar. Bu gün türkmen edebiýatynda ymykly orun alan eserleriň arasyna müdimilik giren şol kitaplarda gozgalýan temalaryň manysy okyjylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy — dostluk, doganlyk sazy», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary türkmeniň asyl häsiýetine, edim-gylymlaryna, däp-dessurlaryna, urp-adatlaryna ýakynlygy bilen tapawutlanýan bolsa, «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly eserlerinde watançylyk, watansöýüjilik meseleleri gozgalyp, ýaş nesil üçin terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romany gozgalýan meseleleriniň derwaýyslygy, many-mazmun çuňlugy bilen okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çekýär. Bu ajaýyp eserde türkmen edebiýatynyň taryhynda mugallymyň mynasyp keşbi beýan edilýär. Şeýle hem bilim bermegiň ähmiýetine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Roman hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy, ömrüni mugallymçylyk ýaly hormatly käre bagyş eden, il-günüň arasynda uly sylagdan peýdalanýan, beýik ynsan, sarpaly mugallym, söweşjeň esger Berdimuhamet Annaýewe bagyşlanýar. Eserde Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly hakyky durmuşy wakalaryň üsti bilen giňden ýaýbaňlandyrylýar. Eseriň iň agramly tarapy-da arhiw maglumatlaryndan peýdalanylyp, ýazyjynyň ylmy-pelsepewi garaýyşlarynyň üsti bilen çeper dilde täsirli beýan edilýänligidir.

Güljahan GURBANMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.