Körpeleriň pikirleniş ukybyny ösdürmek

4 Maý 2021
1242

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermegiň sazlaşykly ulgamy döredildi. Ýurdumyzyň geljegi bolan körpe neslimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek üçin ähli şertler bar. Islendik döwletiň geljeginiň abadan bolmagynda esasy orun ýaş nesliň terbiýesine baglydyr. Şunda mekdebe çenli döwür möhüm orny eýeleýär. Bu döwürde çaganyň häsiýetiniň, duýgy-düşünjeleriniň, ukyp-başarnyklarynyň düýbi tutulýar.

Çagalaryň akyl, ahlak, durmuş, beden we ruhy taýdan ösüşi dürli-dürli bolýar. Olaryň ählisiniň hem ukyby bardyr, şol ukybyň ýollaryny agtarmak, ösdürmek zerur. Ukyplaryň ösmeginiň gözbaşy tebigydyr, emma ol kesgitli ugra gönükdirilende, ösdürilende öz aýdyň maksadyna eýe bolýar. Adam haýsydyr bir işe ukyply bolup dogulmaýar, işiň esasynda özünde bar bolan ukyplary ösýär, kämilleşýär. Çagalaryň haýsy-da bolsa işiň bir görnüşini ýerine ýetirip bilmekleri üçin başarnyklary bolmalydyr. Şol başarnyklar olary okatmagyň netijesinde kemala getirilýär. Çagalar daş-töweregindäki ähli zatlardan (oýun we gepleşik, aragatnaşyk) öwrenýärler, şolar arkaly olar özleri, özgeler, daşky gurşaw barada düşünje alýarlar. Çagalaryň özara we ulular bilen aragatnaşyk saklamagy olaryň ösmegi üçin wajypdyr. Çaganyň akyl taýdan ösüşi onuň gündelik durmuşy bilen baglanyşyklydyr. Çaga talabalaýyk ösüşi esasynda daş-töwerege akyl ýetirýär, maglumaty özleşdirýär, peýdalanýar. Çagalaryň ukybynyň ösüşi daş-töwereginde bolup geçýän ýagdaýlaryň arabaglanyşygyna bagly bolup, çagalar onuň üsti bilen täze düşünjeleri özleşdirýärler, olaryň sebäbini ýüze çykarýarlar, şol bir wagtda öz deň-duşlaryndan we ululardan täze-täze düşünjeleri öwrenýärler. Bu iş ýagdaýy dürli usullaryň, tärleriň, serişdeleriň, görnüşleriň üsti bilen okatmak arkaly amala aşýar. Çaga ulular bilen gatnaşyklary, olara syn etmek arkaly deň-duşlary bilen dostlukly aragatnaşygy saklamagy, beýlekileriň arzuw-isleglerini nazara almagy, hormat goýmagy, sylamagy öwrenýär. Durmuş gatnaşyklary adamlaryň arasyndaky meňzeşlikleri hem-de tapawutlyklary kesgitlemegiň esasy çeşmesi bolup durýar.

Artykjemal ÇARYÝEWA,
Serdar şäherindäki «Gülälek» atly 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.