Gür baglygyň gujagynda

7 Maý 2021
1014

Aslynda, maksadymyz mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylarynyň dürli bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri bilen tanyşmakdy. Ýöne biz mekdebiň içine girýänçäk, howlusynda esli wagt eglendik. Munuň sebäbi-de — baglar. Oba adamlarynyň degişme bilen aýdyşy ýaly, bu baglygyň içinde mekdebi tapmak aňsat däl. Göz öňüňize geldimi?!

Çärjew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň howlusyndaky ülje, erik, garaly, alma, badam, şetdaly, armyt, üzüm we gülleriň birnäçe görnüşleri bu ýerde bag ýetişdirmek üçin çekilýän irginsiz zähmetden habar berýär. Elbetde, şeýle mekdebiň okuwçylarynyň çuň bilim almak bilen birlikde zähmet endiklerini hem kemsiz özleşdirýändikleri öz-özünden düşnükli.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.