Watan goragçysy — hormat eýesi

5 Maý 2021
1165

«Ýaş nesillerimiziň sagdyn we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, häzirki zaman bilimlerini ele almagyny, watançylyk ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmek biziň baş maksadymyz bolup durýar» diýip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi. Şunlukda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynyň döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwrülendigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerini gazanmak we durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin ýurdumyzda milli Liderimiziň tagallalary netijesinde ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär.

Ösen tehnologiýalar zamanasy bolan XXI asyrda döwrüň talaplaryndan ugur almak bilen, ýurdumyzda täze ýokary okuw mekdepleri açylyp ulanylmaga berilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze okuw binalary gurulýar. Öňden dowam edip gelýän okuw maksatnamalaryna täze — döwrebap hünärler girizilýär. Bular bolsa ýokary bilim alýan talyp ýaşlaryň öz saýlap alan hünärleriniň ussady bolup ýetişmeklerine ýardam edýär. Netijede bolsa, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan oňat baş çykýan hünärmenler bolup ýetişýärler.

Şöhrat SADYKOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň kafedra müdiri, podpolkownik.