"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Kitaphanalar we sanly ulgam

Adamyň aň-düşünjeli ýaşaýşy onuň kitaplar bilen tanyşlygyndan soň başlanýar. Ol okan ilkinji kitaby bilen hakyky durmuşdan düýpgöter tapawutlanýan hyýaly dünýäniň bosagasyndan ätleýär. Tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň barha rowaçlanýandygyna garamazdan, kitaplar adamlara durmuş hakynda, özi hakynda, daşyny gallap duran jemgyýet hakynda, geçmiş, şu gün, hatda geljek hakynda hem düýpli maglumatlary, kämil düşünjeleri berýär, oňa ýol-ýörelge görkezýär. Kitaplar biziň durmuşymyzy gaýtalanmajak peýdaly pursatlar bilen baýlaşdyrýar. Kitaplar bize oýlanmaga, netije çykarmaga we özgermäge mümkinçilik berýär. Olar bize başgalara düşünmegi, olaryň begenjine begenmegi, gynanjyna gynanmagy öwredýär. Kitap adamzadyň iň ýakyn dosty, göwündeşi. Bir kitabyň gözleginde dükanma-dükan, hatda ýurt aşylýan döwürleriň hem bolandygyny nygtasak, köpimiz üçin geň görünse-de, kitabyň gadyr-gymmatyna düşünmäge ýardam berer. Häzirki sanly ulgamyň barha rowaçlanýan döwründe adam dürli maglumat çeşmelerinden peýdalanmagyň çäksiz mümkinçiligine eýe boldy. Internet ulgamynyň elýeter bolmagy adama islendik mowzukda, islendik döwürde neşir edilen kitaplar bilen tanyşmaga, okap lezzet almaga mümkinçilik berýär. Internet ulgamlaryndaky elektron kitaphanalarda, kitap dükanlarynda nusgawy eserleriň, çeper edebiýatlaryň we dürli hünärlere degişli ýörite gollanmalaryň baý gory jemlenendir.

Aýdyň geljege şamçyrag

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alym Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamyny döwrebap derejede ösdürmegiň kämil maksatnamalary işlenilip düzülýär hem-de durmuşa geçirilýär. Bu ulgamyň hukuk binýadyny berkidýän kararlar esasynda, döwletimiziň bilim, ylym ulgamynda düýpli özgertmeler güýçli depginde dowam etdirilýär. Dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlyklar ýola goýlup, ylym, bilim ulgamlaryny dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek hem-de olary täze belentliklere çykarmak işleri amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek babatda alyp barýan syýasatyna laýyklykda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty dünýä dilleri boýunça terjimeçileri we mugallymlary taýýarlaýan ýokary okuw mekdebidir. Bu ýokary okuw mekdebinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan tassyklanan meýilnama esasynda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Häzirki zaman türkmen dilini öwrenmegiň meseleleri, türkmen we iňlis dillerine terjime etmegiň hem-de iňlis dilini okatmagyň derwaýys meseleleri, türkmen we gündogar dilleriniň deňeşdirme-degşirme derňewi hem-de dilleri okatmagyň usulyýeti, nemes, fransuz, ispan dillerini öwrenmegiň we öwretmegiň, häzirki zaman rus dilini, rus diliniň amaly kursuny, terjimäniň nazaryýetini we amalyýetini

Ylym-bilim rowaçlygyň çeşmesi

Gahryman Prezidentimiz täze taryhy eýýamyň başyny başlamak bilen köptaraplaýyn düýpli özgertmelere badalga berdi. Bu babatda Garaşsyz döwletimiziň ylym-bilim ulgamyny ajap eýýamymyzyň talaplaryna laýyk derejede ösdürmek aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şeýlelikde, türkmen ylmy özüniň taryhynda ösüşleriň ak ýoluna düşdi. Garaşsyz Watanymyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni giňden bellenilýär. Döwletimize şöhrat-şan getirýän ylmy döredijilik pajarlap ösýär, gül açýar. Ylym-bilime döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-barlag işleriniň innowasion tejribelerini geçirmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Il-günümizi, ylmy işgärleri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň Ylymlar güni bilen gutlaýarys.

Yhlasyň höziri

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde Watanymyzy mundan beýläk-de ösüşiň ak ýoly bilen alyp gitjek ýaşlary kemala getirmekde uly işler alnyp barylýar. Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň edep-terbiýeli bolmaklary ugrunda mugallymlar yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzda mugallymlaryň arasynda hem bäsleşikler guralýar we olarda ökde mugallymlar ýeňiş gazanýarlar. Şolaryň biri hem Sakarçäge etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy Mähriban Ýemşikowadyr. Ol 2015-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady we şol ýyl hem ýokarda ady agzalan mekdepde işe başlady. Oňa ilki mekdebiň halypa mugallymlary goldaw berdiler. Häzirki wagtda Mähriban mugallym ökde mugallymlaryň hatarynda tanalýar. Onuň okadýan okuwçylary ders bäsleşiklerine gatnaşyp, döwlet we welaýat tapgyrlarynda öňdäki orunlara mynasyp bolýarlar. Onuň zehinli okuwçylaryndan Gözel Ahmedowany, Dünýä Satlykowany, Laçyn Durdylyýewany, Ogulşat Baýramowany we beýlekileri görkezmek bolar.

Üstünlikler hemraň bolsun!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilime bolan yhlaslylygy, erjelligi we zehini bilen tapawutlanýan okuwçylaryň sany ýylsaýyn artýar. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşigi okuwçylaryň bilime bolan höwesini artdyrýar. Şeýle höwesek okuwçylaryň biri hem Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Şasenem Meýlisowadyr. Ol taryh dersini içgin öwrenip, eýýäm 7-nji synpdan bäri bu ders boýunça geçirilýän bäsleşiklerde birnäçe gezek 1-2-nji orunlara mynasyp boldy. Şaseneme bu ugurda geçirilýän ders bäsleşiginde mekdebiň taryh mugallymy Serdar Agajumaýew ýakyndan ýardam edýär. Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Ş. Meýlisowa taryh dersi boýunça şu bäsleşigiň şäher tapgyrynda 1-nji, welaýat tapgyrynda 3-nji, döwlet derejesinde bolsa 2-nji orunlary eýelemegi başardy.

Bilim — kämilligiň berk binýady

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň binýadyny berkitmek, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak baradaky bimöçber tagallalary rowaçlyklara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işler talyp ýaşlaryň bilimler ummanynyň çuňluklaryna ynamly aralaşmaklaryna, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý, arassa ahlakly bolup ýetişmeklerine giň ýol açýar. Talyp ýaşlarda zähmet endikleriniň kemala getirilmeginde, olaryň ylym-bilim derejesini ösdürmekde we boş wagtlaryny has-da peýdaly işlere sarp etmekleri ugrunda ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda talyp ýaşlara bilim we terbiýe bermek döwlet syýasatynyň möhüm we ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýokary bilim bermegiň mäkäm hukuk esaslarynyň bolmagy bilimiň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmaga giň şertleri döredýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bilim ulgamyndaky alyp barýan syýasatyny goldap, ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynda hem bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, okadylýan sapaklaryň hilini gowulandyrmakda, olary dünýä ülňülerine laýyk getirmekde uly işler amala aşyrylýar we talyp ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermek işi döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýulýar.

Test synaglarynyň sanly ulgamlar arkaly alnyşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňüleriniň derejesinde bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Milli bilim ulgamynda sapaklary döwrebap multimedia usullarynda alyp barmak işi giň gerim aldy. Ýokary okuw mekdeplerinde her ugur boýunça çyzgylary, shemalary, testleri özünde jemleýän okuw gollanmalarynyň sanly görnüşde taýýarlanylmagy talyplaryň bu ugurda bilimleriniň artmagyna, başarnyklarynyň we endikleriniň ösmegine uly ýardam berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem okuw sapaklarynyň ýokary innowasion tehnologiýalar arkaly guralmagyna uly ähmiýet berilýär. Geçilen sapaklaryň döwrüň talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak üçin test synaglaryny sanly ulgamlar arkaly almak hem bu ugurdaky nusgalyk işleriň biridir. Institutda Ýaponiýa döwletinde öndürilen enjamyň ulanylyşa girizilmegi bu ugurdaky işleriň ilerlemegine täsir etdi.

Belent üstünlikleriň beýany

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ösdürilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrylýar. Ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenler ýetişdirilýär. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda okamaga, döwrebap bilim almaga döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlarymyzyň kalbynda buýsanç döredýär. Eziz Diýarymyzyň bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýokary derejeli onlaýn görnüşdäki sapaklaryň ýola goýulmagyna itergi berdi. Bilim ulgamynda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribelerini öwrenmek hem-de degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly üstünlikler gazanylýar. Şoňa laýyklykda, ylym-bilimi ösdürmek üçin geçirilýän dürli bäsleşikleriň, çäreleriň mowzugy yzygiderli giňelýär. Oňa senagat kärhanalarynyň, durmuş ulgamy edaralarynyň, şol sanda saglygy goraýyş, ekologiýa, sport we beýleki pudaklaryň hojalyk işlerinde gazanylýan netijeler hem goşulýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kuwwatyny ýokarlandyrmakda halkara gatnaşyklar innowasiýalaryň çeşmesi bolup durýar. Bu ugurlar eziz Diýarymyzda ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän dürli ylmy bäsleşikleriň ähmiýetini we netijesini artdyrýar.

Synagly günler

Tomsuň ilkinji gününde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde gutardyş synaglary başlady. Bu möwsüm ak mekdepden sanlyja günlerden uçurym boljak ýaşlar üçin süýji aladalara beslenýär. Şu günler hemmeler orta mekdepleriň uçurymlarynyň gözünde gutardyş synaglarynyň süýji ünjüsini görýändir. Çünki bu synaglar olaryň 11 ýylda öwrenenleriniň, özleşdirenleriniň netijesi. Şonuň üçin her bir synaga jogapkärçilikli taýýarlanmak we synag wagtynda ähli bilimini orta goýmak olaryň esasy aladasy.

Iňlis dilinde «bar» sözüniň dogry beýan edilişi

«Az salym iňlis dili» bölüminiň bu sanynda ýokardaky ady agzalan tema boýunça gürrüň etmek ýöntem görünse-de, iňlis dilini täze öwrenýänler üçin bu juda peýdaly bolar diýip umyt edýäris. «Have» — «bar» sözüniň iňlisçe terjimesi. «I have a computer», «We have a nice house», «She has a red dress».... ýaly sözlemler hem munuň birnäçe mysallary. Emma şeýle ýönekeý bolsa-da, bu sözüň we beýleki birnäçe «bar» diýen manyny berýän sözleriň dogry ulanylmaýan ýerlerine gabat gelmek bolýar. Geliň onda, bu tema has içgin girişeliň!

Sanly ulgamyň ähmiýeti

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ösüşiň täze mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar, beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Esasan hem tehnologiýalaryň ösmegi, kompýuter enjamlaryň durmuşa giňden ornaşmagy bilen beýik ösüşler gazanylýar. Şonuň netijesinde sanly ulgam ösdürilýär, dürli pudaklarda bu ugruň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Innowasiýalaryň, kompýuter tehnologiýalarynyň, internet ulgamynyň giňden ulanylmagy, milli bilim syýasatyny düýpli ösdürmäge şert döretdi. Ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri kompýuterler, multimedia enjamlary, lingafon otaglary, internet ulgamy bilen üpjün edildi. Bu bolsa öz gezeginde, birnäçe işleriň ýeňilleşmegine, wagtyň tygşytlanmagyna, islendik wagtda, birnäçe ugra degişli maglumatlary çalt tapmaga mümkinçilik berýär. Bilim ulgamynda sanly tehnologiýaly enjamlaryň ornaşdyrylmagy ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek babatda giň şertleri döredýär. Mugallymlaryň we talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekde dürli elektron gollanmalardan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrýar.

Bilimli ýaşlar — buýsanjymyzdyr

Gahryman Arkadagymyz ägirt uly mümkinçiligi bolan, gujur-gaýrat, maksada okgunlylyk bilen tapawutlanýan, ýurduň ygtybarly daýanjy we guwanjy bolan ýaşlara uly üns berýär. Eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ýaşlara döredijilik hyjuwlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döredýär. Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyk gelýär. Ýaşlara ruhy-ahlak hem-de hukuk terbiýesini bermek her bir ene-atanyň, mugallymyň esasy wezipeleriniň biridir. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň rowaçlanmagynyň, halkyň mundan beýläk-de abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň köp derejede ýaşlaryň akyl-paýhasyna, ukybyna, döredijilikli zähmetine we ylhamyna baglydygyny göz öňüne tutmak bilen, milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öňünde durýan anyk wezipeleri, olaryň işleriniň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň syýasy, ykdysady we medeni gözýetimlerini giňeltmegiň, olaryň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermegiň, olary ylma-bilime höweslendirmegiň, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky aladanyň ýurdum

Mil­li terbiýe — nusgalyk görelde

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyz günsaýyn gülleýär, gül açýar. Ata Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesli ylymly, bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän kämil şahsyýetler edip kemala getirmek döwrüň esasy ýörelgesidir. Geljegimiz bolan ýaş nesli milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri her bir mugallymyň esasy gollanmasy bolup hyzmat edýär. Pederlerimiz öz çagalaryna halallyga ýugrulan terbiýäni bermäge uly ähmiýet beripdir. Halkymyzyň asyrlarboýy saklanyp gelýän döwlet, döwletlilik hakyndaky garaýyşlaryna, pikirlerine egsilmez gymmatlyklar hökmünde düşünilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde ýaş nesliň terbiýesine uly ähmiýet berilýär.

Kör­pe­ler­iň zehinini ösdürmek

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda körpe nesliň ruhy hem beden taýdan sagdyn kemala gelmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegi bilen baglanyşykly köp işler amala aşyrylýar. Mekdebe çenli bilim edaralarynda çagalarda tebigata söýgini döretmekde hormatly Prezidentimiziň ýörelgelerinden, öwüt-ündewlerinden ugur almak borjumyzdyr. Körpeler daş-töwerege syn etmek, tebigatyň gözelliklerini synlamak bilen olardan täsirlenýärler. Çagalaryň ünsüni gapyda ösüp oturan agaç hem, güllän erik hem, howlynyň tämizligi hem özüne çekýär. Körpeleriň daş-töwerekde görýän, eşidýän, synlaýan zatlary, olaryň görnüşleri, uly-kiçiligi, uzyn-gysgalygy, reňki we şuňa meňzeşleri körpeleriň nazarynda galýar. Çagalarda daşky dünýä akyl ýetirmeginiň ilkinji şineleri olaryň tebigatdan alýan täsirleri bilen ýörite öwredilýän derslerdäki okuw sapaklaryny sazlaşykly guramak arkaly kem-kemden kemala getirilýär.

Giň mümkinçilikler döredilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny özgertmek we kämilleşdirmek, giň dünýägaraýyşly, kämil nesli kemala getirmek ugrundaky tagallalar barha rowaç alýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda çagalar baglarydyr mekdepleriň täze, döwrebap binalarynyň gurulmagy hem-de olaryň häzirki zaman okuw enjamlarydyr esbaplary bilen üpjün edilmegi ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň netijeli bolmagyna getirýär. Çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň kämil kompýuterler, interaktiw enjamlar bilen üpjünçiliginiň ýokary bolmagy sanly ulgama geçilýän döwürde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga hem-de hilini dünýä derejesine ýetirmäge gönükdirilen bu tagallalar uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurdaky giň mümkinçilikler bilim işgärlerine ylmyň täze gazananlaryndan we okatmagyň täzeçil usullaryndan netijeli peýdalanmaga, ählitaraplaýyn ösen, bilimli nesli ýetişdirmäge ajaýyp şertleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan» we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alnyp, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň usulyýet ulgamyny hem-

Gu­tar­dyş sy­nag­la­ry­ dowam edýär

Ýur­du­my­zyň äh­li or­ta mek­dep­le­rin­de gu­tar­dyş sy­nag­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­di. Paý­tag­ty­myz­da­ky da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän 88-nji or­ta mek­de­bi ta­mam­la­ýan ýaş­lar hem ir sä­her bi­len gu­tar­dyş döw­let synagynyň il­kin­ji­si­ne uly ru­hu­be­lent­lik bilen gi­riş­di­ler. Bu babatda mek­dep mü­di­ri Ars­lan Ýa­ba­now şeý­le gür­rüň ber­di:

Suratlarda parahatçylygyň waspy

Öňňin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen «Bagtyýar çagalyk» atly çagalaryň halkara surat bäsleşiginiň jemi jemlendi. Ol grafika we nakgaşlyk ugurlary boýunça geçirilip, oňa çagalar hem-de ýetginjekler 7—11 we 12—16 ýaş aýratynlyklary boýunça gatnaşdylar. Bu bäsleşik parahatçylygy wasp edýän ýaş suratkeşleriň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmakda, olarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ýagşy häsiýetleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda yglan edilen bäsleşige dünýäniň 15 döwletinden we ýurdumyzyň çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan, çeperçilik gurnaklaryna gatnaýan, umumybilim berýän orta mekdeplerde okaýan ýaşajyk suratkeşler gatnaşdylar. Ýaş suratkeşler döreden eserlerinde daşky dünýäni öz dünýägaraýşynyň çäginde şöhlelendirdiler. Oňa jemi 1700-den gowrak işler hödürlenip, olar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň hem-de neşirýat gullugynyň wekillerinden düzülen eminler topary tarapyndan gözden geçirildi.

Ylymlaryň mekany

Ak mermerli paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek we abadanlaşdyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda meşhur daşary ýurt kärhanalarynyň we türkmen gurluşykçylarynyň işjeň gatnaşmagynda giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Şol taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň baş şäherinde diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda dürli maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berildi we paýtagtymyz tanalmaz derejede özgerdi. 2011-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda açylan Medeniýet we Ykdysadyýet şäherçeleri onuň aýdyň mysallarydyr. Bu şäherçeleriň bilelikde bir ýerde, ýagny «10 ýyl Abadançylyk» we Atatürk köçeleriniň çatrygynda gabatlaşykly ýagdaýda gurulmagy we aýlaw ýoluň ortarasynda «Sungat» monumentiniň goýulmagy jaýdar sazlaşygy emele getirýär. Islendik döwletiň ösüşi, milletiň ýaşaýyş-durmuş derejesi, medeniýeti, onuň ykdysadyýeti, halk hojalygynyň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşleri, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylyşy bilen baglanyşyklydyr. Ykdysadyýet şäherçesinde gurlup ulanylmaga berlen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 3 müň talybyň okamagyna mümkinçilik bar. Olar institutyň ykdysadyýet, maliýe, menejment we marketing fakultetlerinde bilim alýarlar. Institutda gurlan binalaryň içinde maslahatlar we sergi zallary bu ulga

Harby talybymyzyň üstünligi

Ýakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen paýtagtymyz Aşgabat şäherini giňden wasp etmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmak, şeýle-de ýaşlary sanly ulgamy wagyz etmäge işjeň çekmek, internet torlaryny netijeli peýdalanmaklaryny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda döredijilik bäsleşigini geçirdi. Bu bäsleşik döredijiligiň fotosuratçylyk, nakgaşçylyk, goşgudyr makala ýazmak ýaly ugurlaryny öz içine alyp, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda örän ähmiýetli boldy. Netijede, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 2-nji ýyl harby talyby Mekan Ataballyýew bäsleşigiň makala ýazmak ugry boýunça baýrakly 3-nji orna mynasyp bolup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatyna we ýadygärlik sowgadyna mynasyp boldy.

Uçurymlar synaga taýýarlykly geldiler

Düýn umumy orta bilim berýän mekdepleriň gutardyş synplarynyň jemleýji döwlet synagynda okuwçylara türkmen dili we edebiýat dersi boýunça barlag düzmesi ýazdyryldy. Okuwçylar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan düzmeleriniň sanawyna-temalara gazetde çap edilen gününden taýýarlanmaga başladylar. Barlag düzmesini ýazmak üçin synag sowalnamalary bolsa şol gün teleýaýlymyň üsti bilen okuwçylara ýetirildi. Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdepde ilkinji jemleýji synag guramaçylykly geçirildi. Synagy mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň 19-sy tabşyrdy. Olar düzmäniň many-mazmuny dogrusyndaky nazary düşünjeleri aldylar. Mugallymlar gutardyş synagyna berlen temalardan okuwçylara has gowy özleşdirilen temasyny saýlap bilmegi, temanyň adyndan gelip çykýan mazmuny göz öňüne getirmegi, düzmede öz garaýşyny ýüze çykarmagyň tärlerini öwretdiler. Bu işde mugallymlaryň çeken zähmetleri aýratyn bellärliklidir.