Uçurymlar synaga taýýarlykly geldiler

1 Iýun 2021
1240

Düýn umumy orta bilim berýän mekdepleriň gutardyş synplarynyň jemleýji döwlet synagynda okuwçylara türkmen dili we edebiýat dersi boýunça barlag düzmesi ýazdyryldy. Okuwçylar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan düzmeleriniň sanawyna-temalara gazetde çap edilen gününden taýýarlanmaga başladylar. Barlag düzmesini ýazmak üçin synag sowalnamalary bolsa şol gün teleýaýlymyň üsti bilen okuwçylara ýetirildi.

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdepde ilkinji jemleýji synag guramaçylykly geçirildi. Synagy mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň 19-sy tabşyrdy. Olar düzmäniň many-mazmuny dogrusyndaky nazary düşünjeleri aldylar. Mugallymlar gutardyş synagyna berlen temalardan okuwçylara has gowy özleşdirilen temasyny saýlap bilmegi, temanyň adyndan gelip çykýan mazmuny göz öňüne getirmegi, düzmede öz garaýşyny ýüze çykarmagyň tärlerini öwretdiler. Bu işde mugallymlaryň çeken zähmetleri aýratyn bellärliklidir.

Şähribossan ÖWEZOWA,
«Mugallymlar gazeti».