Bilim — kämilligiň berk binýady

6 Iýun 2021
1010

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň binýadyny berkitmek, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak baradaky bimöçber tagallalary rowaçlyklara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işler talyp ýaşlaryň bilimler ummanynyň çuňluklaryna ynamly aralaşmaklaryna, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý, arassa ahlakly bolup ýetişmeklerine giň ýol açýar. Talyp ýaşlarda zähmet endikleriniň kemala getirilmeginde, olaryň ylym-bilim derejesini ösdürmekde we boş wagtlaryny has-da peýdaly işlere sarp etmekleri ugrunda ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda talyp ýaşlara bilim we terbiýe bermek döwlet syýasatynyň möhüm we ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýokary bilim bermegiň mäkäm hukuk esaslarynyň bolmagy bilimiň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmaga giň şertleri döredýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bilim ulgamyndaky alyp barýan syýasatyny goldap, ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynda hem bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, okadylýan sapaklaryň hilini gowulandyrmakda, olary dünýä ülňülerine laýyk getirmekde uly işler amala aşyrylýar we talyp ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermek işi döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýulýar.

Şatlyk TAGANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň okuw bölüminiň müdiriniň orunbasary, polisiýanyň uly leýtenanty.