Mil­li terbiýe — nusgalyk görelde

3 Iýun 2021
1090

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyz günsaýyn gülleýär, gül açýar. Ata Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesli ylymly, bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän kämil şahsyýetler edip kemala getirmek döwrüň esasy ýörelgesidir.

Geljegimiz bolan ýaş nesli milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri her bir mugallymyň esasy gollanmasy bolup hyzmat edýär. Pederlerimiz öz çagalaryna halallyga ýugrulan terbiýäni bermäge uly ähmiýet beripdir. Halkymyzyň asyrlarboýy saklanyp gelýän döwlet, döwletlilik hakyndaky garaýyşlaryna, pikirlerine egsilmez gymmatlyklar hökmünde düşünilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde ýaş nesliň terbiýesine uly ähmiýet berilýär.

Altyngözel ÇERKEZOWA,
Aşgabat şäherindäki 124-nji orta mekdebiň müdiri.