Harby talybymyzyň üstünligi

2 Iýun 2021
962

Ýakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen paýtagtymyz Aşgabat şäherini giňden wasp etmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmak, şeýle-de ýaşlary sanly ulgamy wagyz etmäge işjeň çekmek, internet torlaryny netijeli peýdalanmaklaryny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda döredijilik bäsleşigini geçirdi. Bu bäsleşik döredijiligiň fotosuratçylyk, nakgaşçylyk, goşgudyr makala ýazmak ýaly ugurlaryny öz içine alyp, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda örän ähmiýetli boldy.

Netijede, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 2-nji ýyl harby talyby Mekan Ataballyýew bäsleşigiň makala ýazmak ugry boýunça baýrakly 3-nji orna mynasyp bolup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatyna we ýadygärlik sowgadyna mynasyp boldy.

Toýmyrat  GÖKJÄÝEW,
TGM-niň  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby.