Kitaphanalar we sanly ulgam

7 Iýun 2021
927

Adamyň aň-düşünjeli ýaşaýşy onuň kitaplar bilen tanyşlygyndan soň başlanýar. Ol okan ilkinji kitaby bilen hakyky durmuşdan düýpgöter tapawutlanýan hyýaly dünýäniň bosagasyndan ätleýär. Tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň barha rowaçlanýandygyna garamazdan, kitaplar adamlara durmuş hakynda, özi hakynda, daşyny gallap duran jemgyýet hakynda, geçmiş, şu gün, hatda geljek hakynda hem düýpli maglumatlary, kämil düşünjeleri berýär, oňa ýol-ýörelge görkezýär. Kitaplar biziň durmuşymyzy gaýtalanmajak peýdaly pursatlar bilen baýlaşdyrýar. Kitaplar bize oýlanmaga, netije çykarmaga we özgermäge mümkinçilik berýär. Olar bize başgalara düşünmegi, olaryň begenjine begenmegi, gynanjyna gynanmagy öwredýär. Kitap adamzadyň iň ýakyn dosty, göwündeşi.

Bir kitabyň gözleginde dükanma-dükan, hatda ýurt aşylýan döwürleriň hem bolandygyny nygtasak, köpimiz üçin geň görünse-de, kitabyň gadyr-gymmatyna düşünmäge ýardam berer. Häzirki sanly ulgamyň barha rowaçlanýan döwründe adam dürli maglumat çeşmelerinden peýdalanmagyň çäksiz mümkinçiligine eýe boldy. Internet ulgamynyň elýeter bolmagy adama islendik mowzukda, islendik döwürde neşir edilen kitaplar bilen tanyşmaga, okap lezzet almaga mümkinçilik berýär. Internet ulgamlaryndaky elektron kitaphanalarda, kitap dükanlarynda nusgawy eserleriň, çeper edebiýatlaryň we dürli hünärlere degişli ýörite gollanmalaryň baý gory jemlenendir.

Feruza AZIMBAÝEWA,
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.