Belent üstünlikleriň beýany

6 Iýun 2021
833

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ösdürilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrylýar. Ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenler ýetişdirilýär. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda okamaga, döwrebap bilim almaga döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlarymyzyň kalbynda buýsanç döredýär.

Eziz Diýarymyzyň bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýokary derejeli onlaýn görnüşdäki sapaklaryň ýola goýulmagyna itergi berdi. Bilim ulgamynda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribelerini öwrenmek hem-de degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly üstünlikler gazanylýar. Şoňa laýyklykda, ylym-bilimi ösdürmek üçin geçirilýän dürli bäsleşikleriň, çäreleriň mowzugy yzygiderli giňelýär. Oňa senagat kärhanalarynyň, durmuş ulgamy edaralarynyň, şol sanda saglygy goraýyş, ekologiýa, sport we beýleki pudaklaryň hojalyk işlerinde gazanylýan netijeler hem goşulýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kuwwatyny ýokarlandyrmakda halkara gatnaşyklar innowasiýalaryň çeşmesi bolup durýar. Bu ugurlar eziz Diýarymyzda ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän dürli ylmy bäsleşikleriň ähmiýetini we netijesini artdyrýar.

Myrat NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.