Ylymlaryň mekany

2 Iýun 2021
959

Ak mermerli paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek we abadanlaşdyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda meşhur daşary ýurt kärhanalarynyň we türkmen gurluşykçylarynyň işjeň gatnaşmagynda giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Şol taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň baş şäherinde diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda dürli maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berildi we paýtagtymyz tanalmaz derejede özgerdi. 2011-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda açylan Medeniýet we Ykdysadyýet şäherçeleri onuň aýdyň mysallarydyr. Bu şäherçeleriň bilelikde bir ýerde, ýagny «10 ýyl Abadançylyk» we Atatürk köçeleriniň çatrygynda gabatlaşykly ýagdaýda gurulmagy we aýlaw ýoluň ortarasynda «Sungat» monumentiniň goýulmagy jaýdar sazlaşygy emele getirýär.

Islendik döwletiň ösüşi, milletiň ýaşaýyş-durmuş derejesi, medeniýeti, onuň ykdysadyýeti, halk hojalygynyň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşleri, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylyşy bilen baglanyşyklydyr. Ykdysadyýet şäherçesinde gurlup ulanylmaga berlen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 3 müň talybyň okamagyna mümkinçilik bar. Olar institutyň ykdysadyýet, maliýe, menejment we marketing fakultetlerinde bilim alýarlar. Institutda gurlan binalaryň içinde maslahatlar we sergi zallary bu ulgamda alnyp barylýan işler barada halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlary, şeýle-de gazanylan üstünlikleri görkezýän sergileri geçirmäge mümkinçilik berýär. Tejribe alyşmak bolsa, birinjiden, dünýä tejribesiniň oňyn taraplaryny öwrenmäge we ulanmaga şertler döretse, ikinjiden, Türkmenistanyň tejribesini dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär. Milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyna düýpli düşünmekde 430 talyba niýetlenen elektron kitaphananyň, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglarynyň, «Bank işi», «Gazna biržasy», «Buhgalteriýa hasabyny öwrenmek» we beýleki ýöriteleşdirilen otaglaryň dersleri amaly usulda öwrenmekde, şeýle-de 660 orunlyk maslahatlar zalynyň talyplaryň we mugallymlaryň halkara maslahatlaryny geçirmekde ähmiýeti örän uludyr.

Aýgül GARAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.