Kör­pe­ler­iň zehinini ösdürmek

3 Iýun 2021
846

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda körpe nesliň ruhy hem beden taýdan sagdyn kemala gelmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegi bilen baglanyşykly köp işler amala aşyrylýar.

Mekdebe çenli bilim edaralarynda çagalarda tebigata söýgini döretmekde hormatly Prezidentimiziň ýörelgelerinden, öwüt-ündewlerinden ugur almak borjumyzdyr. Körpeler daş-töwerege syn etmek, tebigatyň gözelliklerini synlamak bilen olardan täsirlenýärler. Çagalaryň ünsüni gapyda ösüp oturan agaç hem, güllän erik hem, howlynyň tämizligi hem özüne çekýär. Körpeleriň daş-töwerekde görýän, eşidýän, synlaýan zatlary, olaryň görnüşleri, uly-kiçiligi, uzyn-gysgalygy, reňki we şuňa meňzeşleri körpeleriň nazarynda galýar. Çagalarda daşky dünýä akyl ýetirmeginiň ilkinji şineleri olaryň tebigatdan alýan täsirleri bilen ýörite öwredilýän derslerdäki okuw sapaklaryny sazlaşykly guramak arkaly kem-kemden kemala getirilýär.

Ogulbahar KÖSÄÝEWA,
Gökdepe şäherindäki 4-nji çagalar bagynyň müdiri.