Ylym-bilim rowaçlygyň çeşmesi

7 Iýun 2021
869

Gahryman Prezidentimiz täze taryhy eýýamyň başyny başlamak bilen köptaraplaýyn düýpli özgertmelere badalga berdi. Bu babatda Garaşsyz döwletimiziň ylym-bilim ulgamyny ajap eýýamymyzyň talaplaryna laýyk derejede ösdürmek aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şeýlelikde, türkmen ylmy özüniň taryhynda ösüşleriň ak ýoluna düşdi.

Garaşsyz Watanymyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni giňden bellenilýär. Döwletimize şöhrat-şan getirýän ylmy döredijilik pajarlap ösýär, gül açýar. Ylym-bilime döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-barlag işleriniň innowasion tejribelerini geçirmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Il-günümizi, ylmy işgärleri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň Ylymlar güni bilen gutlaýarys.