Suratlarda parahatçylygyň waspy

2 Iýun 2021
1147

Öňňin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen «Bagtyýar çagalyk» atly çagalaryň halkara surat bäsleşiginiň jemi jemlendi. Ol grafika we nakgaşlyk ugurlary boýunça geçirilip, oňa çagalar hem-de ýetginjekler 7—11 we 12—16 ýaş aýratynlyklary boýunça gatnaşdylar. Bu bäsleşik parahatçylygy wasp edýän ýaş suratkeşleriň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmakda, olarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ýagşy häsiýetleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda yglan edilen bäsleşige dünýäniň 15 döwletinden we ýurdumyzyň çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan, çeperçilik gurnaklaryna gatnaýan, umumybilim berýän orta mekdeplerde okaýan ýaşajyk suratkeşler gatnaşdylar. Ýaş suratkeşler döreden eserlerinde daşky dünýäni öz dünýägaraýşynyň çäginde şöhlelendirdiler. Oňa jemi 1700-den gowrak işler hödürlenip, olar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň hem-de neşirýat gullugynyň wekillerinden düzülen eminler topary tarapyndan gözden geçirildi.

Maýagözel MOMMALIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».