Aýdyň geljege şamçyrag

7 Iýun 2021
815

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alym Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamyny döwrebap derejede ösdürmegiň kämil maksatnamalary işlenilip düzülýär hem-de durmuşa geçirilýär. Bu ulgamyň hukuk binýadyny berkidýän kararlar esasynda, döwletimiziň bilim, ylym ulgamynda düýpli özgertmeler güýçli depginde dowam etdirilýär. Dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlyklar ýola goýlup, ylym, bilim ulgamlaryny dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek hem-de olary täze belentliklere çykarmak işleri amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek babatda alyp barýan syýasatyna laýyklykda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty dünýä dilleri boýunça terjimeçileri we mugallymlary taýýarlaýan ýokary okuw mekdebidir. Bu ýokary okuw mekdebinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan tassyklanan meýilnama esasynda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Häzirki zaman türkmen dilini öwrenmegiň meseleleri, türkmen we iňlis dillerine terjime etmegiň hem-de iňlis dilini okatmagyň derwaýys meseleleri, türkmen we gündogar dilleriniň deňeşdirme-degşirme derňewi hem-de dilleri okatmagyň usulyýeti, nemes, fransuz, ispan dillerini öwrenmegiň we öwretmegiň, häzirki zaman rus dilini, rus diliniň amaly kursuny, terjimäniň nazaryýetini we amalyýetini, türkmen we rus dilleriniň degşirme derňewini okatmagyň derwaýys meseleleri, dilleri öwretmegiň lingwistik esaslary boýunça dil öwretmegiň ýollary, okatmagyň, hünäre ugrukdyrmagyň döwrebap usullary talyplaryň öz öwrenýän hünärini çuňňur ele almaklary, mekdep okuwçylaryna dil öwretmegiň kämil taraplaryny özleşdirmek başarnygyny artdyrmaklarynda ähmiýetlidir.

Süleýman KERIMOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.